10.12.2019 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Türkmenistanda iň täze aragatnaşyk tehnologiýalarynyň halkara sergisi we pudaklaýyn maslahat geçirilýär
Türkmenistanda iň täze aragatnaşyk tehnologiýalarynyň halkara sergisi we pudaklaýyn maslahat geçirilýär
28.11.2019 93 Habarlar

27-nji noýabrda paýtagtymyzda Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2019» atly XII halkara sergisiniň açylyş dabarasy boldy we onuň çäklerinde ylmy maslahat geçirildi. Olar Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentligi hem-de ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guraldy.

Şu ýyl sergide öz mümkinçilikleri, öndürýän önümleri we hödürleýän hyzmatlary bilen türkmen aragatnaşyk kärhanalary hem-de Owganystandan, Belarussiýadan, Beýik Britaniýadan, Germaniýadan, Gruziýadan, Ysraýyldan, Ispaniýadan, Gazagystandan, Hytaýdan, Monakodan, Niderlandlardan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Russiýadan, Rumyniýadan, Sloweniýadan, Türkiýeden, Ukrainadan, Özbegistandan, Fransiýadan, Şwesiýadan, Şweýsariýa Konfederasiýasyndan kompaniýalar tanyşdyrýarlar.

Daşary ýurtly sergä gatnaşyjylaryň hatarynda ýurdumyzyň öňden gelýän hyzmatdaşlary, aragatnaşyk we maglumat tehnologiýalarynyň bazarynda öňdebaryjylar — «Thales Аlenia Space», «Nokia», «HUAWEI», «Samsung», «Apple», «Sony», «DHL», «Cisco», «Space Systems International Monaсo» ýaly kompaniýalar bar. Paýtagtymyzda geçirilýän sergä diňe işewür toparlar däl-de, eýsem, degişli ugur boýunça esasy hünärmenler, alymlar uly gyzyklanma bildirdiler.

«Türkmenistan we dünýä maglumat-telekommunikasiýa ulgamlary» diýen ylmy maslahat işewür maksatnamanyň esasy wakasy boldy. Onuň dowamynda pudaklaýyn aragatnaşyk, kommunikasiýa, ulag ulgamlarynyň esasy hünärmenleri, ýolbaşçylary teklipleri bilen çykyş etdiler. Maslahata gatnaşyjylaryň hatarynda «Airbus Defence and Space», «SSI Monako», «Rohde & Schwars», «NTT DATA Romania», «Nokia Solutions and Networks» daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri bolup, olar aragatnaşyk toplumynyň möhüm ugurlarynyň ýagdaýy we ony ösdürmegiň geljegi barada maglumatlary almak bilen birlikde, hemra aragatnaşyk tehnologiýalary we programmalaýyn önümleriň bazary, sanly ulgamy ornaşdyrmak, kiberhowpsuzlyk ýaly meseleler boýunça pikir alşyp biler, şeýle hem mundan beýläk hyzmatdaşlyk etmegiň görnüşlerini hem-de maýa goýmak mümkinçiliklerini kesgitläp biler.

28-nji noýabrda forum öz işini dowam eder.