21.05.2019 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Türkmenistan we Koreýa Respublikasy hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltdiler
Türkmenistan we Koreýa Respublikasy hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltdiler
18.04.2019 127 Habarlar

17-nji aprelda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de ýurdumyza döwlet sapary bilen gelen Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Mun Çže Iniň arasynda gepleşikler geçirildi.

Ýokary derejedäki duşuşyk däbe öwrülen döwletara hyzmatdaşlyga täze kuwwatly itergi berip, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda Aziýa — Ýuwaş ummany sebitiniň ýurtlary bilen soňky ýyllarda işjeňleşen gatnaşyklaryň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän türkmen-koreý gatnaşyklarynyň taryhyna möhüm sahypany ýazar.

Irden Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň awtoulag kerweni motosikletçileriň hormat nyzamynyň ugratmagy bilen Garaşsyzlyk meýdanyna geldi, bu ýerde belent mertebeli myhmany resmi taýdan garşylamak dabarasy boldy.

Soňra döwlet Baştutanlarynyň awtoulag kerweni atlylaryň hormat nyzamynyň ugratmagy bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň «Oguzhan» köşkler toplumyna bardy.

Bu ýerde iki ýurduň Liderleriniň Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi ýagdaýda surata düşmek dabarasyndan soň, ýokary derejedäki ikiçäk türkmen-koreý gepleşikleri geçirildi.