24.01.2019 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
«Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynyň çärelerine dabaraly badalga berildi
«Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynyň çärelerine dabaraly badalga berildi
10.01.2019 354 Rowaçlygyň Watany

Paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde 2019-njy ýylyň «Türkmenistan – rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilmegi mynasybetli ýylyň dowamynda geçiriljek çärelere badalga bermek dabarasy boldy. Dabara Mejlisiň, degişli Ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, gazet-žurnallaryň redaktorlary, ylym-bilim, medeniýet we döredijilik işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, talyp ýaşlar we beýlekiler gatnaşdylar. Ýylyň dowamynda geçiriljek çäreleriň her biri türkmen döwletiniň uly rowaçlygyny, beýik ösüşlerini özünde jemlär.

Dabaranyň dowamynda ýurdumyzyň meşhur estrada aýdymçylary, belli artistlary, tans toparlary konsert maksatnamasy bilen çykyş etdiler. Aýdym-sazly çykyşlar 2019-njy ýylyň «Türkmenistan – rowaçlygyň Watany» diýlip atlandyrylmagyna bagyşlandy. Gatnaşyjylaryň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýüzlenme kabul etmegi bilen dabara tamamlandy. 

Milli goşun
Habarlaşmak üçin telefon belgiler
+993 12 405967 +993 12 405968 +993 12 402741
© 2019 Milli goşun. Ähli hukuklar goragly.
Milli goşun
Redaksiýanyň salygysy: Aşgabat şäheriniň Köpetdag etraby, Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýolunyň 135-nji jaýy, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýi.