21.05.2019 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Türkmenistan bilen Pakistan arasyndaky hyzmatdaşlyk giňeldilýär
Türkmenistan bilen Pakistan arasyndaky hyzmatdaşlyk giňeldilýär
14.03.2019 65 Habarlar

2019-njy ýylyň 12-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Pakistan Yslam Respublikasyna sapary boldy.

Türkmen wekiliýeti Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti jenap Arif Alwi tarapyndan kabul edildi. Duşuşygyň barşynda iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatiki, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi bellenilip geçildi. Pakistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan durmuşa geçirilýän bitarap daşary syýasat ugrunyň ähmiýetini aýratyn belläp geçdi. Bu ugurda taraplar Türkmenistanyň we Pakistanyň halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerindäki ysnyşykly özara hereketini belläp geçdiler.

Saparyň jemleri boýunça aşakdaky resminamalara gol çekildi:

Türkmenistanyň Hökümetiniň hem-de Pakistan Yslam Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşyga düzedişleriň girizilmegi hakyndaky Teswirnama;

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we Pakistan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2019-2020-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk etmegiň maksatnamasy;

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň we Pakistanyň Söwda-senagat Federasiýasynyň arasynda Bilelikdäki işewürlik toparynyň döredilmegi boýunça özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama;

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň we Pakistan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Daşary aragatnaşyklar Akademiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama;

«Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan» gazgeçirijisiniň gurluşygynyň taslamasyny kabul edýän tarapyň hökümeti bilen Şertnamanyň esasy şertleri.