21.05.2019 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň bilelikdäki beýannamasy
Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň bilelikdäki beýannamasy
18.04.2019 107 Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çagyrmagy boýunça Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Mun Çže In 2019-njy ýylyň 1618-nji aprelinde döwlet sapary bilen Türkmenistanda boldy.

Dostlukly ýagdaýda geçen gepleşikleriň dowamynda iki ýurduň ýolbaşçylary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giň topary, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän möhüm halkara meseleler boýunça pikir alyşdylar.

1. Taraplar Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky syýasy, ykdysady, medeni ulgamlarda we beýleki ugurlarda gatnaşyklaryň durnukly ösýändigine ýokary baha berdiler hem-de ikitaraplaýyn özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak hakynda ylalaşdylar.

2. Türkmen tarapy Koreýa Respublikasynyň Hökümetiniň Ýewraziýa kontinentiniň ýurtlary bilen gatnaşyklary pugtalandyrmak arkaly ählumumy gülläp ösüşe gönükdirilen Täze Demirgazyk syýasatyny makullady. Koreýa tarapy sebit ulag ulgamlaryny ösdürmäge gönükdirilen logistik strategiýasy arkaly Merkezi Aziýa sebitinde durnuklylygy we ählumumy gülläp ösüşi gazanmak üçin Türkmenistanyň Hökümetiniň işjeň daşary syýasatyna ýokary baha berdi. Taraplar iki döwletiň hökümetleriniň syýasatyny sazlaşykly alyp barmak arkaly işjeň hyzmatdaşlyk etmegi ylalaşdylar.

3. Taraplar özara söwdanyň möçberlerini artdyrmagyň we söwdany diwersifikasiýalaşdyrmagyň, şol sanda goşulan bahasy ýokary bolan harytlary alyşmagyň, özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmagyň zerurdygyny ykrar etdiler. Taraplar Ykdysady, söwda, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-koreý toparynyň 2019-njy ýylyň 22-nji fewralynda Seul şäherinde geçirilen 7-nji mejlisiniň netijelerine oňyn baha berdiler hem-de toparyň ilki bilen söwda-ykdysady we maýa goýum ulgamlaryndaky ornuny bellediler.

4. Taraplar telekeçilik işi üçin hukuk we institusional esaslaryň döredilmelidigi bilen ylalaşyp, iki ýurduň ykdysady hem-de söwda gatnaşyklaryny ösdürmek üçin, telekeçilik kanunçylygy we institutlary esasynda öňünden aýdyp bolýan we durnukly alyşmagy hem-de hyzmatdaşlygy ykrar edýärler. Taraplar harytlary we hyzmatlary dünýä bazarlaryna çykarmak mümkinçiligini, iki ýurduň telekeçileriniň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmäge ýardam berýän işewürler maslahatlarynyň möhümdigine ýokary baha berdiler. Şunuň bilen baglanyşykly, taraplar özara maýa goýumlarynyň möhümdigini belläp, özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda maýa goýumlaryny höweslendirmegi we goldamagy ylalaşdylar.

5. Taraplar energetika önümçiligi babatdaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we nebithimiýa, kadastr, ulag hem-de dokma pudaklary ýaly, dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirip, senagat ulgamynda özara hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçiliklerine ünsi çekdiler.

6. Taraplar geçen ýyl Gyýanlyda gazhimiýa toplumynyň gurluşygynyň üstünlikli tamamlanandygyna ýokary baha berdiler we energetika pudagynda goşulan bahasy ýokary bolan önümleri öndürmäge koreý kompaniýalarynyň gatnaşmagy hem-de maýa goýumlary ýurtlaryň arasynda özara hyzmatdaşlygy ösdürmäge mundan beýläk-de ýardam berer diýen bir pikire geldiler.

7. Taraplar 2016-njy ýylyň noýabrynda gol çekilen, ulag hyzmatdaşlygy boýunça özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamanyň esasynda iki ýurduň arasynda ulag pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň zerurdygy barada umumy pikiri beýan etdiler hem-de gatnatmak ulgamynda, awtobuslary ibermek we beýleki ugurlarda üpjünçilik ulgamlaryny döretmekde hyzmatdaşlygy dowam etmegi ylalaşdylar.

8. Taraplar iki ýurduň arasynda kadastr üpjünçilik ulgamyny döretmek babatdaky hyzmatdaşlygyň netijelerine oňyn baha berdiler, durnukly hyzmatdaşlyk esasynda meýilnamalaýyn kadastr gözegçilik ulgamyny döretmek arkaly döwlet dolandyryşynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga goşant goşmak meýilleri baradaky pikire geldiler.

9. Taraplar kompaniýalaryň we guramalaryň arasynda dokma senagaty babatda hyzmatdaşlyk etmegiň hem-de alyşmagyň zerurdygyny ykrar etdiler we hyzmatdaşlyk etmegiň bilelikdäki taslamalaryny gözlemek üçin tagalla etmegi ylalaşdylar.

10. Taraplar ylmyň we tehnologiýalaryň hem-de maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň iki ýurduň ykdysady we durmuş ösüşiniň hem-de maýa goýumlarynyň esasy hereketlendiriji güýji bolup durýandygyny ykrar etdiler hem-de täze tehnologiýalaryň peýda bolmagynyň adamlara, senagata we jemgyýete edýän täsirine garşy bilelikde çäre görmegiň zerurdygyny bellediler. Şeýle hem taraplar Koreýa Respublikasynyň 5G ykjam aragatnaşygyny täjirçilik ýagdaýyna geçirmek boýunça ilkinji dünýä tejribesi arkaly taraplaryň dördünji senagat rewolýusiýasy bilen bagly döreýän meselelere üstünlikli täsir etmek we hemme zady öz içine alýan maýa goýum ösüşiniň mümkinçiliklerini mundan beýläk-de peýdalanmak islegini beýan etdiler. Şunuň bilen baglanyşykly, taraplar syýasaty ýöretmek, işgärleri alyşmak we pudagara hyzmatdaşlyk arkaly ylym we tehnika hem-de maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary babatda hyzmatdaşlygy ýuwaş-ýuwaşdan giňeltmegiň möhümdigini tassykladylar.

11. Taraplar saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlyk etmäge özara gyzyklanmany tassykladylar. Taraplar iki ýurduň raýatlarynyň saglygyny berkitmek we saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek üçin, saglygy goraýyş we lukmançylyk, şol sanda lukmançylyk işgärlerini taýýarlamak we alyşmak, bilermenleriň iş toparlarynyň işi, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary esasynda we beýleki ugurlarda saglygy goraýşyň elektron ulgamyny döretmek boýunça ussatlyk meýilnamasyny işläp taýýarlamak babatda hyzmatdaşlygy ösdürmegi ylalaşdylar.

12. Taraplar tokaý meýdanlaryny giňeltmek, çölleşmegiň öňüni almak, tokaýlary durnukly peýdalanmak we biologik köpdürlüligi berkitmek üçin özara alyşmalaryň we hyzmatdaşlygyň möhümdigini ykrar etdiler hem-de iki ýurduň arasynda tokaý hojalygy babatda hyzmatdaşlygy ösdürmegi ylalaşdylar.

13. Taraplar KOICA-nyň Mary welaýatyndaky gaz pudagynda hünär taýýarlygy merkeziniň derejesini ýokarlandyrmak boýunça amala aşyrýan taslamasynyň Türkmenistanyň senagaty döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak syýasatyny ýöretmegi bilen bagly, senagat pudagynda işgärleri taýýarlamaga ýardam berýändigini ykrar etdiler we senagat tejribesini alyşmagy hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy dowam etmegi ylalaşdylar.

14. Taraplar iki ýurduň raýatlarynyň alşylmagy we olaryň arasyndaky gatnaşyklar geljege gönükdirilen dostlukly hem-de hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmäge ýardam berip, beýleki ýurduň taryhyna hem-de medeniýetine düşünmegi gowulandyrýandygy we iki ýurduň raýatlarynyň arasynda özara düşünişmegi giňeldýändigi baradaky pikire geldiler.

15. Taraplar medeniýet, bilim we sport ulgamlarynda ýurtlaryň arasyndaky alyşmalaryň mümkinçiligine ýokary baha berip, medeni hyzmatdaşlyk hakynda baglaşylan ylalaşyk esasynda alyşmalary giňeltmek üçin tagallalary güýçlendirmegi ylalaşdylar. Taraplar medeniýet we sungat ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyga aýratyn üns berdiler, degişli guramalaryň, edebiýat we sungat işgärleriniň, barlag merkezleriniň, bilim edaralarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň arasynda gatnaşyklaryň möhümdigine umumy düşünmegi beýan etdiler, iki ýurduň bilim edaralarynyň arasynda alyşmalaryň we hyzmatdaşlygyň zerurdygyny tassykladylar.

16. Taraplar iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň hukuk we institusional esasyny kämilleşdirmegiň we giňeltmegiň möhümdigini bellediler. Şunuň bilen baglanyşykly, taraplar ýokary derejedäki şu duşuşygyň dowamynda gol çekilen hökümetara hem-de pudagara resminamalaryň ähmiýetini bellediler we gol çekilen resminamalar ýurtlaryň arasynda dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda hereketlendiriji güýje öwrüler, olaryň bähbitlerine hyzmat eder, iki ýurduň raýatlarynyň abadançylygyny ösdürmäge ýardam berer diýen pikire geldiler.

17. Taraplar demirgazykkoreý ýadro meselesini parahatçylykly düzgünleşdirmegiň koreýara gatnaşyklaryny ösdürmegiň diňe bir Koreý ýarym adasynda däl, eýsem, bütin dünýäde parahatçylyga we durnuklylyga ýardam eder diýen pikire geldiler. Şunuň bilen baglanyşykly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Koreý ýarym adasynda doly denuklearizasiýany gazanmak, hemişelik parahatçylyk ulgamyny döretmek we koreýara gatnaşyklary ösdürmek üçin Koreýa Respublikasynyň Hökümetiniň tagallalaryny özüniň üýtgewsiz goldaýandygyny tassyklady.

18. Taraplar özara ynanyşmak esasynda durnukly ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň iki ýurduň raýatlarynyň abadançylygyny gowulandyrmak, sebitde parahatçylyk, durnuklylyk we howpsuzlyk üçin möhümdigine ynanýandyklaryny beýan etdiler.

19. Taraplar 2007-nji ýylda öz işine başlan «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» forumynyň köptaraplaýyn yzygiderli geňeşdarlyk guraly hökmünde üstünlikli ösýändigine we Koreýa Respublikasy bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda özara ynanyşmagy berkitmäge we alyşmalary işjeňleşdirmäge goşant goşandygyna baha berdiler hem-de Forumy ösdürmek üçin bilelikde tagalla etmegi ylalaşdylar. Taraplar 12-nji «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» forumynyň ministrler derejesinde geçirilmegini makulladylar. Taraplar 2017-nji ýylda resmi taýdan döredilen «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» forumynyň Sekretariatynyň Koreýa Respublikasy bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmegiň täze ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn taslamalaryny kesgitlemäge we öňe sürmäge ýardam edýändigine baha berdiler, Sekretariaty we taslamalary giňeltmegiň we ösdürmegiň ýollaryna işjeň garamagy ylalaşdylar.

20. Taraplar halkara syýasatyň esasy meseleleri boýunça garaýyşlarynyň ýakyndygyny ýa-da umumydygyny tassykladylar hem-de dünýä giňişliginde özara bähbitli hyzmatdaşlygy berkitmegi ylalaşdylar.

21. Taraplar ählumumy meseleleri çözmekde, durnukly ösüşi üpjün etmekde, halkara bileleşigiň dünýäde parahatçylyga, howpsuzlyga we durnuklylyga garşy howplara çäre görmekdäki tagallalarynda Birleşen Milletler Guramasynyň we onuň edaralarynyň ornuny ýokarlandyrmak barada umumy düşünjäni beýan etdiler, halkara terrorçylyga, ekstremizme, bikanun migrasiýa, neşe serişdeleriniň ýa-da psihotrop maddalarynyň bikanun dolanyşygyna, serhetüsti guramaçylykly jenaýatçylyga hem-de halkara howpsuzlygyň beýleki wehimlerine we howplaryna garşy diňe bir ikitaraplaýyn derejede däl, eýsem, halkara guramalaryň çäklerinde hem göreşmekde hyzmatdaşlygy ösdürmegi ylalaşdylar.

22. Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Mun Çže In myhmansöýerlik üçin Türkmenistanyň Hökümetine we halkyna çuňňur minnetdarlyk bildirdi hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy amatly wagtda Koreýa Respublikasyna sapar bilen gelmäge çagyrdy. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bu çakylygy minnetdarlyk bilen kabul etdi. Saparyň möhletleri diplomatik ýollar boýunça ylalaşylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Mun ÇŽE IN.