21.05.2019 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Türgenimiz dünýä çempionatynda bürünç medal gazandy
Türgenimiz dünýä çempionatynda bürünç medal gazandy
12.03.2019 206 Sport

Şu günler ABŞ-da ýaşlaryň arasynda geçýän agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda ildeşimiz Bektimur Reýimow bürünç medala eýe boldy.

Türkmenistanly türgen bu baýragy 67 kilograma çenli agramlyk derejesinde çykyş edip gazandy. Türkmen türgenine birden götermekde 122 kilogram, itekläp götermekde bolsa 147 kilogram agramlygy galdyrmak başartdy. Şeýlelikde, iki görnüşiň jemi boýunça biziň türgenimiz üçünji orny eýeledi. Onuň görkezijisi 269 kilograma barabar boldy. Munuň özi öňe çykan gruziýaly agyr atletikaçynyň gazanan netijesinden bary-ýogy 1 kilogram azdyr.

11-nji synpyň okuwçysy, «Olimp» orta sport mekdebinde terbiýelenýän Bektimur geljegine uly umyt bildirilýän türgendir. Las-Wegasdaky bäsleşikde gazanan ýeňşi bolsa oňa sport dünýäsinde täze mümkinçilikleri açýar.

ABŞ-da ýaşlaryň arasynda geçirilýän dünýä çempionaty dowam edýär. Ýer ýüzüniň ýaş türgenleri 15-nji marta çenli güýç synanyşarlar. Çempionatda bütin dünýäden gelen 180-den gowrak türgenler agyrlyk derejeleriniň 10-sy boýunça çykyş edýärler. Türkmenistanyň ýygyndy toparyny ýurdumyzyň çempionatynda ýokary netijeler gazanan agyr atletikaçylar düzýärler.