19.04.2019 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Türkmen sportumyz dünýäň naýbaşy
Türkmen sportumyz dünýäň naýbaşy
05.04.2019 109 Sport

Bilşimiz ýaly, Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanyp geçirilýän dabaralar, sport çäreleri ýurdumyzyň ähli künjünde uludan bellenip geçilýär. Şonuň ýaly dabaralaryň biri hem Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby institutynyň sport meýdançasynda geçirilen «Göreldämiz Belent Serkerdebaşy, türkmen sportumyz dünýäň naýbaşy» atly köpçülikleýin sport çäresidir. Dabara aýdymdyr-sazlara, şatlyk-şowhuna beslendi. Aýratyn hormat garawuly batalýonynyň harby gullukçylarynyň sazlaşykly hereketler bilen «Sagdynlyk we bagtyýarlyk» diýen ýazgyny ýazmaklary, Ýörite maksatly toparyň başa-baş el söweşi boýunça görkezme çykyşlary dabara gatnaşyjylarda aýratyn täsir galdyrdy. Çärede Harby institutyň we «Merkezi goşun» sport klubynyň türgenleriniň sport ulgamynda gazanan kuboklarydyr medallary giňden ýaýbaňlandyryldy. Şeýle hem ol türgenleriň sportuň dürli görnüşleri boýunça görkezme çykyşlaryna orun berildi. Dabaranyň dowamynda erkin maşklar toplumy ýerine ýetirildi we köpçülikleýin welosipedli ýörişi guraldy. Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar tarapyndan Watanymyzy sagdynlygyň mekanyna öwren hormatly Belent Serkerdebaşymyza çäksiz alkyşlar aýdyldy.

«Milli goşun».

Milli goşun
Habarlaşmak üçin telefon belgiler
+993 12 405967 +993 12 405968 +993 12 402741
© 2019 Milli goşun. Ähli hukuklar goragly.
Milli goşun
Redaksiýanyň salygysy: Aşgabat şäheriniň Köpetdag etraby, Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýolunyň 135-nji jaýy, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýi.