19.04.2019 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Harby türgeniň gatnaşan ýaryşyndan 12 medal
Harby türgeniň gatnaşan ýaryşyndan 12 medal
25.03.2019 164 Sport

Türkmen samboçylary Moskwanyň «Lužniki» olimpiýa toplumynda 22-nji martda badalga alan «Harlampiýewiň ýadygärligine» dünýä kubogy ugrunda ýaryşlarda on iki medala — üç kümüş we dokuz bürünç medala eýe boldular.

Bu ýaryşa Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň harby gullukçysy Rüstem Penjiýew hem 74 kilograma çenli agram derejesinde gatnaşyp, bürünç medaly gazanmagy başardy. Şeýle hem sportuň bu görnüşinde türgenler Çarymyrat Annagurbanow (100 kilograma çenli) kümüş, Batyr Durdyýew (52 kilograma çenli), Ýusup Taňryberdiýew (57 kilograma çenli), Ruslan Ýusupow (62 kilograma çenli), Jawlanbek Madaminow (90 kilograma çenli) we Babajan Iwadullaýew (100 kilogram agram derejede) bürünç medallary aldylar.

Nusgawy görnüşde türkmen samboçylary Ýusup Ismailow (62 kilograma çenli) we Ýusup Atamyradow (68 kilograma çenli) kümüş, Ruslan Esgerow (100 kilograma çenli) we Zyba Orunowa (60 kilograma çenli) hem-de Gülnar Haýytbaýewa (64 kilograma çenli) bürünç medallara eýe boldular.

Sambo göreşini (ýaragsyz özüňi goramak) esaslandyryjy Anatoliý Harlampiýewiň ýadygärligine bagyşlanan ýaryş 1980-nji ýyldan bäri her ýyl geçirilýär. Bu ýyl ýaryşlara 33 ýurtdan 250-den gowrak türgen gatnaşdy.

Milli goşun
Habarlaşmak üçin telefon belgiler
+993 12 405967 +993 12 405968 +993 12 402741
© 2019 Milli goşun. Ähli hukuklar goragly.
Milli goşun
Redaksiýanyň salygysy: Aşgabat şäheriniň Köpetdag etraby, Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýolunyň 135-nji jaýy, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýi.