10.12.2019 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Türkmen harby türgenleri Bütindünýä harby oýunlaryna ilkinji gezek gatnaşýarlar
Türkmen harby türgenleri Bütindünýä harby oýunlaryna ilkinji gezek gatnaşýarlar
18.10.2019 192 Sport

18-nji oktýabrda Hytaý Halk Respublikasynyň Wuhan şäherinde VII Bütindünýä harby oýunlarynyň açylyş dabarasy geçirildi. Bu oýunlara Halkara harby sport Geňeşiniň (HHSG) resmi agzasy hökmünde ilkinji gezek Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň ýygyndy toparynyň agzalary hem gatnaşdy.

Açylyş dabarasy Wuhan şäheriniň Sport merkezinde iki sagatlap dowam etdi. Dabaranyň dowamynda köp sanly tomaşaçylara oýunlara gatnaşýan ýurtlaryň medeni aýratynlyklaryny beýan edýän we dürli häzirkizaman tehnologiýalaryň kömegi bilen taýýarlanan üýtgeşik täsirli çykyşlar görkezildi.

Bütindünýä harby tomusky oýunlary dünýäde Olimpiýa oýunlaryndan soň iň uly sport çäresi hasaplanylýar. «Wuhan 2019»-yň çäklerinde sportyň 31 görnüşlerinden dürli ýaryşlar geçiriler. Oýunlara 100 ýurtdan 10 müňden gowrak harby türgen, tälimçi we beýleki wekiller gatnaşarlar. Harby türgenler jemi 329 altyn medaly eýelemek ugrunda göreşerler.

Her ýyl Halkara harby sport Geňeşiniň 20-den gowrak halkara ýaryşlary we dünýä çempionatlary «Sport arkaly dostluk» diýen şygaryň astynda geçirilýär. Olara 140 ýurtdan müňlerçe harby türgenler gatnaşýar. HHSG tarapyndan gurnalýan tomusky we gyşky Bütindünýä harby oýunlary Olimpiýa oýunlary ýaly dört ýyldan bir gezek geçirilýär.

2017-nji ýylyň 16-njy oktýabrynda Halkara harby sport Geňeşiniň karargähinde geçirilen duşuşykda Türkmenistanyň bu Geňeşe resmi taýdan kabul edilmegi baradaky islegini beýan edýän resminama HHSG-niň Baş sekretary polkownik Dora Mambi Koita gowşuryldy. Resminamanyň kabul edilmegi mynasybetli HHSG-niň 2018-nji ýylyň 16-23-nji apreli aralygynda Dominikan Respublikasynyň Punta-Kana şäherinde geçirilen 73-nji Baş Assambleýasynda ýurdumyzyň Döwlet baýdagy galdyrylyp, Döwlet senasy ýaňlandyryldy. Şeýlelikde, mähriban Watanymyz Türkmenistan Halkara harby sport Geňeşiniň resmi agzasy boldy.

«Wuhan 2019» oýunlarynyň çäklerinde sport ýaryşlary 35 desgada geçiriler. Bu ýaryşa 10 adamdan ybarat bolan topar ýurdumyzyň adyndan wekilçilik eder. Olaryň 4-si harby türgen bolup, sportuň erkin göreş we dzýudo görnüşlerinden öz başarnyklaryny görkezerler. Olar, dzýudo boýunça G.Begaliýew (90 kg agramda) we M.Gurbanow (73 kg agramda), erkin göreş boýunça bolsa S.Belliýew (125 kg agramda) we G.Hemraýew (65 kg agramda). Bularyň hemmesi Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň «Merkezi goşun» sport klubynyň iň öňdebaryjy türgenleri bolup, mundan ozal hem başga halkara ýaryşlarda ýokary netijeleri gazandylar.

Şeýle abraýly ýaryşlara biziň harby türgenlerimiziň gatnaşýandyklary hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň ählitaraplaýyn goldaw bermeginiň netijesi bolup durýar. Bilşimiz ýaly, döwlet Baştutanymyzyň başlangyçlary esasynda Ýaragly Güýçlerimiziň harby gullukçylarynyň sportuň dürli görnüşlerinde öz ukyplaryny açmaklary we kämilleşmekleri üçin ähli şertler döredilýär.

Nesip bolsa, türgen harby gullukçylarymyzyň bu abraýly ýaryşda üstünlikli çykyş edip, ýeňiş sazynyň astynda ýaşyl Tugumyzy al-asmana galdyrjakdyklaryna ynanýarys!

 «Milli goşun».