14.12.2018 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
TÜRKMENISTAN - BEÝIK ÝÜPEK ÝOLUNYŇ ÝÜREGI
Taryhda düýäniň harby strategik roly
Taryhda düýäniň harby strategik roly
01.12.2018 77 Harby Taryh

Taryha nazar aýlasak, düýe maly adamzada zerur bolan azyk önümçiligi, senagat pudaklary üçin çig mal çeşmesi, hojalykda ulag hyzmaty hökmünde giňden ulanylypdyr. Uzak aralyklary gysgaldyp, halklar arasynda alnyp barylýan söwda gatnaşyklary-da, düýeleriň kömegi bilen amala aşyrylypdyr. Tehniki ulaglaryň heniz biziň durmuşymyzda ýok wagtlary, düýeleriň kömegi bilen ýurtlar gülläp ösüpdir. Şonuň üçin hem türkmen halkymyz: «Düýeli baý – dünýeli baý» diýip, ýöne ýere aýtmandyr. Düýeler taryhda ägirt uly harby-strategik wezipeleri hem ýerine ýetiripdir. Düýeleriň kömegi bilen harby ýörişler guralypdyr, goşunyň harajatlary we sülsady uzak aralyklara daşalypdyr. Şeýle parahat, äwmezek, boýun egiji janawer, gör, nähili pajygaly wakalaryň şaýady, hat-da şol wakalaryň gatnaşyjysy bolmaga-da mejbur bolupdyr. Türkmen halky üçin düýe maly has-da gymmatly jandardyr. Howp abanan pursady düýe maly türkmenleriň penasyna öwrülipdir.

Taryhy çeşmelerde düýäniň söweş maksatlary üçin ulanylandygy barada köp gyzykly maglumatlar saklanyp galypdyr. Meselem, ahemeni patyşasy Kiriň (b.e. öňki VI asyr) goşunynda düýeli bölümleriň bolandygyny taryh tassyklaýar. Araplar hem öz harby hereketlerinde düýäni giňden ulanypdyrlar. Irki döwürlerde her düýä iki bolup münüpdirler. Olaryň biri düýäni dolandyrsa, ikinjisi ok-ýaý atypdyr ýa-da uzyn naýzalary ulanypdyr. Soň-soňlar ol hereketleri bir adam amala aşyryp başlapdyr.

Süri-süri mallar, şol sanda düýeler Çingiz hanyň we Teýmirleňiň basybalyjylykly hereketleriniň esasy serişdesi bolupdyr. Ok-däriler, ýaraglar we azyk önümleri, esasan, düýelere we atlara ýüklenipdir. «Mis gazanlar» (mortirler), daş böleklerini atmak üçin katapultlar we gabaw desgalary agyrlygy üçin diňe düýelere ýüklenipdir. Bulardan başga-da, basylyp alnan ýerlerden talanyp alnan zatlary alyp gaýtmak üçin ýene-de düýe kerwenleri gerek bolupdyr.

1855-nji ýylda Hywa hany Mädemin han taryhy maglumatlara görä, 40 müň adamlyk goşun bilen sarahsly türkmenleriň üstüne sürnüp gelipdir. Ol goşuna 30 müň düýe hyzmat edipdir. Şol düýeleriň uly böleginiň türkmenlerden ýygnalandygy bolsa ikuçsyzdyr. Hanyň türkmenleriň üstüne şol ýörişi, onuň iň soňky ýörişi bolup, masgaraçylykly ýeňlip, goşuny dargadylyp, sülsadyna ýeňijiler eýe çykýar. 1873-nji ýylda patyşa goşunlary Hywa üç tarapdan – Orenburgyň, Daşkendiň we Çekişleriň üsti bilen hüjüm edipdirler. Şonda ätiýaçlyk azyk önümleri we mallaryň ot-iýmleri 1,5–2 aý möhlet üçin otrýadlar bilen bile äkidilipdir.

Bulardan başga-da ok-däri, top, çadyrlar, geýim-gejim, ýaralylary daşamak we ş.m. üçin örän köp düýe gerek bolupdyr. Ol düýeler bolsa, şol töwerekdäki ilatdan ýygnalypdyr. Şonda etrekli ilat düýe bermekden boýun gaçyrypdyr. Ýöne Markozowyň otrýady olardan 5 müň düýäni zorluk bilen alypdyr. Taryhda «Gazawat gyrgynçylygy» adyny alan söweşde patyşa goşunynyň 15 müň düýesi ölüpdir. ХIХ asyryň birinji ýarymynda türkmen topragynda geçirilen bäş sany ekspedisiýalaryň ählisi-de, ýerli ilatdan toplanan düýeleriň kömegi bilen amala aşyrylypdyr. Olaryň hersi üçin 3–4-den 7–9 müňe çenli düýe toplanypdyr.

Patyşa Russiýasynyň Türkmenistana aralaşyp başlamagy bilen, düýe ulagynyň ähmiýeti has-da artypdyr. Düýä bolan zerurlyk Zakaspi harby demir ýolunyň gurluşygynda aýdyň ýüze çykypdyr. Türkmen topragyny «özleşdirmek» maksady bilen, müňläp düýeleri ilki, deger-degmez bahasyna satyn almak, kireýine tutmak, soň-soňlar salgyt görnüşinde, hatda diýdimzorlukly mugt toplamak bilen hem alnyp barlypdyr. Patyşa goşunlarynyň topy-tophanasy we sülsady ymgyr çöllükdir sähralardan ýene-de düýeler bilen aşyrylypdyr. Şol maksat bilen toplary düýe bilen süýrär ýaly ýörite desga hem ýasapdyrlar.

Birinji jahan urşunyň başlanmagy bilen (1914 ý.), Zakaspi oblastynda düýä bolan talap has hem artypdyr. Şeýle şertlerde dag artilleriýasyny göçürmek, ok-däridir harby enjamlary, azykdyr ot-iýmleri daşamak diňe düýeler bilen amala aşyrylypdyr. Hut şonuň üçin hem patyşa hökümeti Zakaspi oblastynda front üçin düýe toplamagy karar edipdir.

Şol karar esasynda urşuň ilkinji iki ýylynda oblastdan 13 müňe golaý düýe toplanyp, fronta ýollanypdyr. Şonuň bilen bir hatarda ilatdan 7 müňe golaý at, 32,5 müň silkme telpek, 1659 öý, 200 eşek, 1,5 müň dolak, köp don, howut, keçe we 223 müň manatlyk beýleki zatlar toplanypdyr. Öýler esgerler üçin ýatak jaý, ştab hökmünde ulanylypdyr. Olary göçürmek bolsa, düýeleriň gadymdan gelýän pişesidi.

Birinji jahan urşunyň başlanmagy bilen Türkmenistanda düýeleriň baş sany yzygiderli azalyp başlaýar. Olaryň sanynyň azalmagy, diňe düýeleriň fronta äkidilmegi bilen bagly bolman, ýurtdaky syýasy hojalyk ýagdaýlar hem oňa öz täsirini ýetiripdir. Düýeli toparlar atly otrýadlaryň hereket edip bilmeýän ýa-da juda kynçylyk bilen gezýän Garagum çägeliklerinde kynçylyksyz hereket edip bilipdir. Olar guýulardan guýulara emgenmän aşyp, aralyklary esli ýakynlaşdyrypdyr.

Milli goşun
Habarlaşmak üçin telefon belgiler
+993 12 405967 +993 12 405968 +993 12 402741
© 2018 Milli goşun. Ähli hukuklar goragly.
Milli goşun
Redaksiýanyň salygysy: Aşgabat şäheriniň Köpetdag etraby, Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýolunyň 135-nji jaýy, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýi.