19.04.2019 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Şu ýylyň birinji çärýeginde bilim ulgamynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri
Şu ýylyň birinji çärýeginde bilim ulgamynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri
13.04.2019 44 Habarlar

12-nji aprelda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde wise-premýer P.Agamyradow gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň ýanwar-mart aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, milli bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, okuw maksatnamasyna öňdebaryjy çemeleşmeleri, täzeçil tehnologiýalary we bilimiň hilini ýokarlandyrmaga, zehinli, ukyply ýaşlary ýüze çykarmaga we olaryň intellektual ösüşini höweslendirmäge mümkinçilik berýän usullary ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe bu ugra degişli işgärleriň üpjünçiligini kämilleşdirmek boýunça hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň görkezmelerini ýerine ýetirmek maksady bilen, ýörite orta we ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryny işe ýollamagyň tertibi tassyklandy. Sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň konsepsiýasyny, daşary ýurt dillerini öwretmegi kämilleşdirmegiň konsepsiýasyny, şeýle hem Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyny durmuşa geçirmek boýunça işler meýilnama laýyklykda dowam etdi.

2019-njy ýylda neşir edilmegi meýilleşdirilen dürli görnüşli okuw kitaplaryndan we gollanmalaryndan hasabat döwründe 41 görnüşi neşir edildi.

Ýurdumyzyň mekdep okuwçylary şu ýylyň ýanwar-mart aýlarynda halkara ders we taslama olimpiadalarynda üstünlikli çykyş edip, dürli derejeli medallary gazandylar.

Öňdebaryjy dünýä tejribesini öwrenmek we iş tejribesine ornaşdyrmak maksady bilen, ýurdumyzyň bilim işgärleri daşary ýurtlarda iş we okuw saparlarynda boldy. Dürli ugurlar boýunça okuw sapaklaryny geçmek üçin daşary döwletlerden ýurdumyza tejribeli mugallymlar we hünärmenler çagyryldy.

Milli goşun
Habarlaşmak üçin telefon belgiler
+993 12 405967 +993 12 405968 +993 12 402741
© 2019 Milli goşun. Ähli hukuklar goragly.
Milli goşun
Redaksiýanyň salygysy: Aşgabat şäheriniň Köpetdag etraby, Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýolunyň 135-nji jaýy, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýi.