24.01.2019 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Signallary kesiji söweş enjamy
Signallary kesiji söweş enjamy
05.01.2019 110 Tehnologiýa

Öňdebaryjy uçarmansyz howa tehnikalaryny öndürýän «Kalaşnikow ZALA AERO» konserni (ZALA ZONT) emeli hemralardan ugradylan signallary basyp ýatyryjy enjam öndürdi.

Bu enjam radiusy iki kilometr bolan meýdanda nawigasiýa sistemalarynyň (GPS, GLONASS, BeiDuo, GALILEO) signallaryny basyp ýatyryp, pyýada goşunlary dronlaryň hüjüminden goraýar. Şonuň bilen birlikde toparlaryň takyk koordinatalaryny kesgitleýär hem-de çylşyrymly hereket etmegine ýardam berýär.

Bu ykjam enjamyň agramy 800 grama barabar. Batareýasynyň, signal kesiji gurluşynyň we awtomatiki tüpeň ok gabynyň ykjam ölçegi enjamy standart torbalarda saklamaga mümkinçilik berýär. Enjama 110 ýa-da 120 woltluk elektrik togy bilen energiýa berip bolýar. Enjam -40 gradusdan +50 gradusa çenli howa şertlerinde işlemäge ukyplydyr.

Milli goşun
Habarlaşmak üçin telefon belgiler
+993 12 405967 +993 12 405968 +993 12 402741
© 2019 Milli goşun. Ähli hukuklar goragly.
Milli goşun
Redaksiýanyň salygysy: Aşgabat şäheriniň Köpetdag etraby, Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýolunyň 135-nji jaýy, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýi.