25.03.2019 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Serkerdeler hünär taýdan kämilleşdiriler
Serkerdeler hünär taýdan kämilleşdiriler
06.03.2019 126 Harby Bilim

6-njy martda geçirilen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde goranmak ministri B.Gündogdyýew çykyş edip, hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklary bilen baglylykda Milli goşunymyzyň harby birikmelerinde iki aýyň dowamynda amala aşyrylan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyza ýurdumyzyň goranyş ukyplylygyny has-da berkitmäge, harby gullukçylaryň birkemsiz gulluk etmegi we oňaýly ýaşamagy üçin degişli şertleriň döredilmegine gönükdirilen giň gerimli özgertmeleri amala aşyrmakda gazanylan üstünlikler barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli ýokary okuw mekdeplerinde serkerdeleri hünär taýdan taýýarlaýyş ulgamynyň kämilleşdirilmegini işiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezdi. Milli Liderimiz harby we hukuk goraýjy edaralarda gulluk edýän ýaşlary watançylyk hem-de ene topragy söýmegiň ruhunda terbiýelemegiň ähmiýetini belläp, anyk tabşyryklary berdi.

Milli goşun
Habarlaşmak üçin telefon belgiler
+993 12 405967 +993 12 405968 +993 12 402741
© 2019 Milli goşun. Ähli hukuklar goragly.
Milli goşun
Redaksiýanyň salygysy: Aşgabat şäheriniň Köpetdag etraby, Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýolunyň 135-nji jaýy, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýi.