19.04.2019 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Şanly sene mynasybetli baýramçylyk konserti
Şanly sene mynasybetli baýramçylyk konserti
27.01.2019 235 Harby Durmuş

    Şu gün Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň döredilmeginiň 27 ýyllygy hem-de Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde aýdym-saza, şatlyk-şowhuna beslenen baýramçylyk konserti geçirildi. Dabara söweşjeň baýdaklaryň getirilmegi we hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň Gutlagynyň okalmagy bilen açyldy. Soňra hormatly Belent Serkerdebaşymyza Watan goragçylarynyň adyndan ýüzlenme kabul edildi. Ýüzlenmede ýurdumyzyň merdana gerçeklerine şanly sene mynasybetli gutlag sözleri beýan edildi we Watan goragynyň mukaddesdigi, çäksiz bagt we borçdugy hakynda aýdyldy hem-de hormatly Prezidentimiziň esgerlerdir serkerdelere bildirýän uly ynamy barada söz açyldy, şeýle-de Watan goragçylaryna ajaýyp arzuwlar beýan edildi.

    Hormatly Belent Serkerdebaşymyz ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge we döwrebaplaşdyrmaga, harby hünärmenleri taýýarlamaga uly üns berýär. Şeýle hem ata Watanymyzyň edermen goragçylarynyň göwnejaý gulluk etmegi we döwrebap ýaşaýyş jaýlarynda ýaşamagy üçin zerur bolan ähli şertleriň döredilmegi ugrunda yzygiderli alada edýär. Munuň özi Watan goragçylarynda uly ruhubelentlik döredýär.

    Dabara aýdym-sazly çykyşlar bilen utgaşdy. Ýaňlanan aýdym-sazlarda Watan mukaddesliginiň, asuda durmuşymyzyň, merdana gerçeklerimiziň waspy öz beýanyny tapdy. Şeý­le dabaralar döw­le­ti­mi­ziň Ga­raş­syz­ly­gy­ny, özyg­ty­ýar­ly­ly­gy­ny, çäk bi­te­wü­li­gi­ni we kons­ti­tu­si­on gur­lu­şy­ny go­rap sak­la­ýan Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­mi­ziň mer­da­na ger­çek­le­ri­ne bil­di­ril­ýän uly yna­myň, çäk­siz hor­ma­tyň we olar hak­da edil­ýän ala­da­la­ryň aý­dyň ny­şa­ny­dyr.

«Milli goşun».

Milli goşun
Habarlaşmak üçin telefon belgiler
+993 12 405967 +993 12 405968 +993 12 402741
© 2019 Milli goşun. Ähli hukuklar goragly.
Milli goşun
Redaksiýanyň salygysy: Aşgabat şäheriniň Köpetdag etraby, Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýolunyň 135-nji jaýy, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýi.