21.05.2019 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
«Rowana ak ýollar garaşýar bize»
«Rowana ak ýollar garaşýar bize»
15.02.2019 237 Harby Durmuş

    Şu gün Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde «Rowana ak ýollar garaşýar bize» atly dabaraly maslahat geçirildi. Aýdym-saza, şatlyk-şowhuna beslenen dabaraly maslahatda çykyş edenleriň hemmesi hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň döwlet berkararlygyny has-da pugtalandyrmaga gönükdirilen adyl syýasatynyň, beýik we asylly maksatlara niýetlenen giň möçberli özgertmeleriniň eziz Watanymyzy şan-şöhrata besleýändigini nygtadylar. Bagtyýar, parahat, asuda, gülläp ösen ülkede Watan goragçylaryna döredip berýän mümkinçilikleri üçin ýürek hoşallyklaryny beýan etdiler.

    Dabaranyň ahyrynda hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň ata Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalary, halkara derejesinde öňe sürlen başlangyçlary üstünlikli durmuşa geçirmek dogrusyndaky tagallalary üçin dabaraly maslahata gatnaşyjylaryň adyndan çäksiz alkyş sözlerini beýan edýän Ýüzlenme kabul edildi.

«Milli goşun».