19.04.2019 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Rowaçlygyň ýylynda «Milli goşun» žurnalynyň ilkinji sany
Rowaçlygyň ýylynda «Milli goşun» žurnalynyň ilkinji sany
08.04.2019 140 Harby Durmuş

«Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilen 2019-njy ýyl Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň iň täze taryhy üçin, hakykatdan-da, turuwbaşdan rowaçlyga beslenen ýyl boldy. Bu ýylda ýurdumyz sanly ykdysadyýete, sanly bilim ulgamyna geçmek babatynda aýgytly ädimlerini ädýär. Biziň «Milli goşun» žurnalymyzam  hem-ä öz sahypalarynda, hem-de adybir  web-saýtynyň sahypalarynda ýurdumyzyň ösüşlerinden, Watan goragçylarynyň ykbalyndan, gündelik durmuşyndan söhbet açýan habarlary, makalalary özüniň okyjylary bilen yzygiderli paýlaşyp dur. Mukaddes Garaşsyzlygymyzy ýörelge, Bitaraplygymyzy görelde edinip, öňe barýan, milli merdanalaryň durmuşyna degişli iň derwaýys maglumatlary öz okyjylaryna hödürleýän «Milli goşun» žurnalymyzyň nobatdaky sany çapdan çykdy.

Žurnalymyzyň bu sany hem çeper, syýasy we harby-taryhy makalalara baý boldy. Olardan, 2019-njy ýylyň 27-nji ýanwarynda Watan goragçylarynyň güni mynasybetli ýurdumyzda geçirilen dabaralary, sylag-serpaýlara mynasyp bolan harby gullukçylaryň ýürek buýsançlaryny beýan edýän, Halkara zenanlar gününe bagyşlanyp zenan harby gullukçylaryň arasyndaky bäsleşikden söz açýan, Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň gününe bagyşlanan makalalar bellärliklidir.

Bulardan başga-da, žurnalymyzdaky makalalarda ynsanlygyň mähek daşy bolan Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň alyp barýan işlerinden, türkmeniň milli oýny bolan çilik oýnunyň harby häsiýetlerinden, sanly ykdysadyýet we sanly bilim ulgamlarynyň Konsepsiýalarynyň öňde goýýan maksatlaryndan we halkymyzyň mergenlik sungatyndan söz açylýar.

«Milli goşun» žurnalynyň bu sanynda heýkele öwrülen harby sungat, milliligiň ýaşlaryň durmuşyndaky orny, şeýle-de harby-taryha ýanalan ylmy we taryhy makalalara hem orun berildi. Žurnalyň soňky böleklerine zehiniňi barlamak üçin IQ-testi, reňkleriň psihologiýasy we skanword ýerleşdirildi.

Giň okyjylar köpçüligine niýetlenen žurnalymyzdaky maglumatlaryň ählisi-de, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň şahsy düzüminiň terbiýeçilik we söweşjeň taýýarlyk babatyndaky dünýägaraýyşlaryna oňyn täsir etjekdigine bil baglaýarys.

Döredilýän ähli mümkinçilikleriň sakasynda duran hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, belent başynyň aman bolmagyny arzuw edýäris!

«Milli goşun».

Milli goşun
Habarlaşmak üçin telefon belgiler
+993 12 405967 +993 12 405968 +993 12 402741
© 2019 Milli goşun. Ähli hukuklar goragly.
Milli goşun
Redaksiýanyň salygysy: Aşgabat şäheriniň Köpetdag etraby, Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýolunyň 135-nji jaýy, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýi.