14.12.2018 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
TÜRKMENISTAN - BEÝIK ÝÜPEK ÝOLUNYŇ ÝÜREGI
Parasatly pikirler
Parasatly pikirler
17.11.2018 91 Harby Bilim
  • Türkmen halkynyň kitaba goýýan hormaty öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar.
  • Biz kitaplaryň üsti bilen, kitaphanalarda alnyp barylýan giň gerimli işleriň üsti bilen halkymyzyň köpasyrlyk şöhratly taryhyny, milli gymmatlyklaryny, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gazanýan uly üstünliklerimizi dünýä ýaýmalydyrys, geljekki nesillerimize ýetirmelidiris.
  • Kitabyň çagalykdan edep-terbiýe bermekde ähmiýeti bardyr, hut şu nukdaýnazardan kitaphanalar jemgyýetçilik durmuşynyň merkezi bolmalydyr.
  • Raýatlarymyzy bagtyýarlyk ruhunda terbiýelemekde, sadalyk, päklik, mähribanlyk, hoşniýetlilik, watançylyk duýgularyny oýarmakda kitaphanalaryň mümkinçilikleri çäksizdir.
  • Halkymyzda şeýle asylly häsiýetleri terbiýeleýän pähim-paýhasly sözler jemlenen kitaplary wagtly-wagtynda çap edip durmak zerurdyr.
  • «Galkynyş» kitap merkeziniň döredilmegi, kitaphanalaryň täze syýasy, ylmy, çeper we okuw kitaplary, dürli neşir önümleri bilen yzygiderli üpjün edilmegi, kitap neşir etmek işiniň kämilleşdirilmegi, bu babatda ýurdumyzda her ýylda sergi-ýarmarkanyň we ylmy maslahatyň geçirilmegi uly ähmiýete eýedir.
  • Şol bir wagtyň özünde binada dürli derejedäki duşuşyklary, şol sanda alymlar, ýazyjylar bilen duşuşyklary geçirmek, döredijilik agşamlaryny, bäsleşikleri guramak üçin möhüm şertler döredilmelidir.
  • Häzirki türkmen jemgyýetinde, ýaş nesilleriň ruhy taýdan terbiýelenmeginde we döwrebap dünýägaraýyşlaryň kemala gelmeginde kitap möhüm orny eýeleýär.
  • Kitaphanalarda häzirki döwrüň ýokary talaplaryna laýyk elektron we internet hyzmatlary ýola goýulmalydyr.
  • Kitaphana işini kämilleşdirmek, döwlet durmuşynyň beýleki ugurlary bilen utgaşdyrmak hem-de döwrebap guramak barada döwletimiziň geljekde-de hemme çäreleri görjekdir.
  • Ýurdumyzda ylym, bilim, medeniýet ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeleriň netijesinde gazanylýan üstünlikler kitaphana işine oňyn täsirini ýetirýär we olaryň işiniň yzygiderli ösdürilmegini şertlendirýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow.


  • Kitap seni dünýäniň meşhur adamlary, alymlary, ýazyjylary, hudožnikleri, kompozitorlary bilen islän wagtyňda duşuryp, islän çagyňda sözleşdirip biler. Kitap saňa dürli ylymdan ders berer. Kitap seniň iň gadyrdan dostuňdyr. Kitap hiç wagt garramaýan, hemişe juwan, hemişe seniň gullygyňa häzir bir wepaly hyzmatkärdir. Sen haýsy döwrüň taryhyndan, haýsy milletiň gylyk-häsiýetinden, haýsy döwletiň ykbalyndan heň buýursaň, kitap seniň arzuwyňy ýerine ýetirýän, gijä, gündize parh goýmaýan, ýadamany, armany bilmeýän, aýdym aýdyp, saz çalyp berýän hoş owaz bir bagşydyr. Kitap göwnüňde pos bolsa, bulgur ýaly durlar, şähtiňe ganat beslär, ýetmeziň, ýalňyşyň bar bolsa sypaýyçylyk bilen görkezer, gandyrar, ynandyrar, indi ýörejek ýoluňa sönmez şöhle saçar. Kitap duşmany tanamaga, bet pirimi aňlamaga, hüşgär bolmaga ýol salgy berýän, Watanyňy, halkyňy wepaly ýaryňy, ata-eneňi, dogan-garyndaşyňy, edýän işiňi söýdürýän, ruhyňy göterýän bir ylhamdyr.

B.Kerbabaýew.

                                                                                                                                                                

  • Türkmenlerde «Atyň barka ýol gazan, ataň barka dost gazan» diýen nakyl bar. Kitap hakda oýlananymda şu nakyl mydama ýada düşýär. Kitap bilen dostlaşan adamyň ruhy garyp bolup bilmez. Ol özüni bagtly hem-de baý adam hasaplamaga haklydyr. Adamyň mahal-mahal haly teň bolýan pursatlary bolýar. Şonda söwer dostuň ýanyňa geläýse, göwnüň gülleýär. Şol dostuň roluny akylly kitap hem ýerine ýetirip bilýär. Häzirki zaman durmuşynda ýol gazanmagyň kynlygy ýok. Ýöne bir fakta welin üns beriň: Ýuriý Gagarin kosmosa uçanda ýany bilen söýgüli kitaplaryny alandygyny aýdypdy. Näme üçin başga zat däl-de ala-böle kitap? Sebäbi, kitap adam durmuşynyň iň haý-haýly pursatlarynda oňa güýç berýär, ruh berýär! Kitapsyz durmuşy göz öňüne getirmek kyn. Juda kyn.                           

B.Hudaýnazarow. 


  • Käbir ajaýyp kitaplar gözýetimiňi giňeltse, käbir kitaplary şeýle bir tolgunyp okaýarsyň welin, olar soň-soňlaram hiç ýadyňdan çykmaýar.

N.K.Krupskaýa.


  • Kitap adamzat paýhasynyň dürdänesini ýygnaýar we olary nesilden-nesle geçirýär. Biz bir gysym gum bolup gideris, ýöne kitaplar weli, demirden hem daşdan ýasalan ýadygärlikler ýaly müdimilik saklanýarlar.
  • Kitap pikiriň armaýan ganatydyr.

Aýbek.


  • Kyn günlere uçranyňda haraýy elmydama kitaplardan gözleýärsiň. Şonda köplenç, şeýle bir kitaplary tapyp okaýarsyň welin, göwnüňe bolmasa, ol ýörite seniň üçin, hut seniň şol kyn günüň üçin ýazylan ýaly bolýar.

A.Afinogenow.


  • Arassalyk üçin, pikiriň dürs bolmagy üçin, diliň ötgür bolmagy üçin göreşmek – medeniýetiň ýaragy üçin göreş etmekdir. Eger şol ýarag näçe ýiti bolsa, näçe dogry gönükdirilse, şonça-da ýeňişe eltýändir.
  • Bilimleriň çeşmesi bolan kitaby söýüň, diňe bilim dadymyza ýetişip, diňe şol bizi ruhy taýdan güýçli, päk, paýhasly adamlar edip ýetişdirer.
  • Medeniýetli adamy terbiýelemek üçin iki güýç has şowly hyzmat edýär: sungat hem ylym. Bu güýçleriň ikisem kitaplarda jemlenýär.
  • Özümdäki gowy häsiýetleriň hemmesi üçin men kitaba minnetdar.
  • Elime oňat kitap düşen wagty men öz durmuşyma bir ajaýyp zady gürrüň berýän, janly bir zadyň aralaşandygyny syzýaryn.

M.Gorkiý.

Milli goşun
Habarlaşmak üçin telefon belgiler
+993 12 405967 +993 12 405968 +993 12 402741
© 2018 Milli goşun. Ähli hukuklar goragly.
Milli goşun
Redaksiýanyň salygysy: Aşgabat şäheriniň Köpetdag etraby, Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýolunyň 135-nji jaýy, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýi.