24.01.2019 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Milli ýygyndy toparymyz Aziýanyň kubogy ugrunda çykyş eder
Milli ýygyndy toparymyz Aziýanyň kubogy ugrunda çykyş eder
03.01.2019 74 Sport

Ýakyn günlerde futbol boýunça Aziýanyň kubogyny almak ugrundaky ýaryşlar badalga berler. Abraýly baýrak ugrundaky ýaryşyň final tapgyrynda Türkmenistanyň milli ýygyndysy «F» toparçada çykyş eder.

Aziýanyň kubogy ugrundaky ýaryşyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň milli ýygyndy topary türgenleşik taýýarlygyny ýokary derejede geçirdi. Taýýarlygyň çäklerinde birnäçe ýoldaşlyk duşuşyklary geçirildi. Aziýanyň kubogy ugrundaky ýaryş Birleşen Arap Emirliklerinde geçiriler. Oýunlara 5-nji ýanwarda badalga berlip, 1-nji fewrala çenli dowam eder. Türkmen futbolçylarynyň garşydaşlary Ýaponiýanyň, Özbegistanyň, Omanyň topary bolar. Biziň futbolçylarymyz ilkinji duşuşygyny 9-njy ýanwarda ýaponiýaly garşydaşlary bilen geçirer. Milli ýygyndymyz 13-nji ýanwarda Özbegistanyň, 17-nji ýanwarda Omanyň topary bilen duşuşar.

Taýýarlyk türgenleşik okuwlary netijesinde milli ýygyndymyzyň düzümi tassyklanyldy. Ýurdumyzyň çempiony Aragatnaşyk ministrliginiň «Altyn asyryndan» 11, «Ahaldan» 7, nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň «Şagadam» toparyndan 1 oýunçy milli ýygyndymyza çagyryldy. Olaryň hataryna Çehiýada, Özbegistanda, Gyrgyzystanda, Indoneziýada oýnaýan futbolçylarymyz hem goşular.

Milli goşun
Habarlaşmak üçin telefon belgiler
+993 12 405967 +993 12 405968 +993 12 402741
© 2019 Milli goşun. Ähli hukuklar goragly.
Milli goşun
Redaksiýanyň salygysy: Aşgabat şäheriniň Köpetdag etraby, Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýolunyň 135-nji jaýy, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýi.