10.12.2019 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
«Milli goşun» žurnalynyň mümkinçilikleri ýokarlanýar
«Milli goşun» žurnalynyň mümkinçilikleri ýokarlanýar
24.10.2019 232 Harby Durmuş

Ýaş nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemekde, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň şahsy düzüminiň söweşjeň ruhuny galkyndyrmakda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň her üç aýdan bir gezek neşir edilýän jemgyýetçilik-syýasy, harby taryhy we ylmy-usuly žurnaly örän uly ähmiýete eýedir. Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň esasy metbugat neşiri bolan «Milli goşun» žurnaly soňky ýyllarda has-da kämilleşdirilip, döredijilik dünýäsinde oňyn seslenmelere eýe bolýar. Şol sanda žurnalymyz dizaýn, mazmun, çeperçilik babatda ýurdumyzyň öňdebaryjy neşirleriň arasyndan orun alýar.

Şol nukdaýnazardan, «Milli goşun» žurnalyna 2020-nji ýylyň I ýarym ýyllygy üçin abuna ýazylyşyk we žurnaly ýaýratmak, paýlamak, gowşurmak hyzmatlaryny bökdençsiz amala aşyrmak üçin «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasy bilen şertnama baglaşyldy. Şertnamanyň esasynda, bu kompaniýa žurnalymyzy her bir okyjysyna, hatda ilatly nokatlardan daşda ýerleşýän harby bölümlerdäki okyjylaryna hem öz wagtynda gowşurar.

Hormatly Belent Serkerdebaşymyz tarapyndan döredilýän şeýle mümkinçilikleri, ýeňillikleri göz öňüne tutup, biz hem okyjylar köpçüligini «Milli goşun» žurnalyna  2020-nji ýylyň I ýarym ýyllygy üçin abuna ýazylmaga çagyrýarys. Hil taýdan barha kämilleşýän žurnalymyz size Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň şahsy düzüminiň terbiýeçilik we söweşjeň taýýarlyk babatyndaky makalalary, şeýle hem geçmiş dogrusyndaky taryhyň, şu gün hakdaky hakykatyň we ertirler baradaky aladalaryň beýanyny bagyş eder.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzy ýörelge, Bitaraplygymyzy görelde edinip, öňe barýan, milli merdanalaryň durmuşyna degişli iň derwaýys maglumatlary öz okyjylary bilen paýlaşýan «Milli goşun» žurnalynyň okyjysy boluň!

«Milli goşun».