25.03.2019 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Merdanalygyň nusgasy siz, zenanlar!
Merdanalygyň nusgasy siz, zenanlar!
02.03.2019 206 Harby Durmuş

Bahar paslynyň ilkinji günlerinde, ýetip gelýän Halkara zenanlar güni «Türkmenistan – rowaçlygyň Watany» ýylynda hem aýratyn many-mazmuna eýe bolýar. Bu ajaýyp bahar baýramçylygyna bagyşlanyp diňe bir şowhunly dabaralar däl, eýsem, gözel zenanlarymyzyň gatnaşmaklarynda dürli görnüşli bäsleşikler hem geçirilýär. Milli mirasymyzy gorap saklamakda, öwrenmekde, baýlaşdyrmakda, wagyz etmekde hem-de geljekki nesillerimize ýetirmekde orny uly bolan şeýle bäsleşikleriň biri-de Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň zenan harby gullukçylarynyň arasynda «Merdanalygyň nusgasy siz, zenanlar!» ady bilen geçirildi. Bäsleşigiň maksady Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň düzüminde harby gullugy geçýän zenan harby gullukçylaryň başarnyklaryny, döredijilik ukyplaryny, harby hünäre bolan söýgülerini, sowatlylygyny, sahna ussatlygyny ýokarlandyrmakdan ybarat bolup durýar. Görküne görk goşýan türkmen milli şaý-seplerine beslenen harby gullukçy zenanlar öz aralarynda 5 şert, ýagny özüňi tanyşdyrmak, goşgudyr aýdym aýdyşmak, edermen zenan şahsyýetlerimiziň keşbini janlandyrmak, çeper el işlerini ýerine ýetirmek, «Bereketli türkmen saçagy» atly kitapdan ugur alyp, milli tagamlary taýýarlamak ýaly ugurlardan bäsleşdiler. Emin agzalaryň gelen netijelerine görä, bäsleşigiň jemi şeýle jemlendi. Ýagny, 1-nji ýere Aşgabat garnizonyndan kapitan Tawus Tagandurdyýewa, 2-nji ýere Mary garnizonyndan borçnama boýunça harby gullugyň starşinasy Ogulnabat Ýakubowa, 3-nji ýere Türkmenabat garnizonyndan kapitan Manzura Bibitowa we Serdar garnizonyndan kapitan Altyn Babagulyýewa dagylar mynasyp boldy. Bäsleşigiň ýeňijilerine Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

«Milli goşun».

Milli goşun
Habarlaşmak üçin telefon belgiler
+993 12 405967 +993 12 405968 +993 12 402741
© 2019 Milli goşun. Ähli hukuklar goragly.
Milli goşun
Redaksiýanyň salygysy: Aşgabat şäheriniň Köpetdag etraby, Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýolunyň 135-nji jaýy, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýi.