25.03.2019 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Mahmyt Gaznaly
Mahmyt Gaznaly
21.02.2019 165 Harby Taryh

Gaznaly türkmenleriň döwletiniň meşhur hökümdary Mahmyt Gaznaly (hökümdarlyk ýyllary 998-1030 ý.) 971-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda Owganystanyň Gazna şäherinde dogulýar.  Mahmyt Gaznaly 27 ýaşynda Gaznaly tagtyna geçýär. Gündogarşynaslar K.E.Boswort, W.W.Bartold, A.Ý.Ýakubowskiý onuň nesliniň türkmenleriň gaýa (kaýy) boýundandygyny ýazýarlar.

Bagdat halyfy Kadyr Mahmyt Gaznalynyň harby taýdan başarjaňlygyny, döwleti dolandyrmakda syýasy kynçylyklardan ýerlikli baş alyp çykandygyny göz öňünde tutup, oňa «Döwletiň daýanjy we dini jemgyetiň ynamdar wekili» (Ýemin ad-daula amin al-milla) diýen hormatly at bilen bilelikde «Horasanyň soltany» diýen nyşany berýär.

Mahmyt Gaznalynyň döwletiniň çäkleri Eýrandan Hindistanyň Gang jülgesine, Horezmden Hind ummanyna çenli ýaýylyp gidipdir. Mahmyt Gaznaly 30–55 ýaş aralygynda, ýagny 1001–1026-njy ýyllar aralygynda Hindistana 17 gezek ýöriş gurapdyr. Hindileriň üstüne uzaga çeken gazawatlary guran hem bolsa, şol halkyň ömürboýy döreden medeni mirasyna uly sarpa goýupdyr. Gurlan kaşaň ymaratlary aýawly saklamagy berk tabşyrypdyr. 30 ýaşynda Garahanly türkmenleriň hökümdary Nasyr bilen Samanlylaryň mülklerini bölüşýär hem-de şertnamany berkitmek üçin onuň gyzyna öýlenýär. A.Ý.Ýakubowskiý «Mahmyt Gaznaly, gürrüňsiz, öz döwrüniň meşhur diplomatydy» diýip ýazýar. 31 ýaşynda Sistany (1002 ý.), 41 ýaşynda Garçystany (Owgan Türküstanynda) boýun egdiripdir (1012 ý.). Horezme (1017 ý.), Gurlularyň üstüne üç gezek (1011, 1015, 1020 ý.) ýöriş edipdir. Horasanda agalyk etmek üçin Garahanly türkmenleri bilen ençeme gezek çaknyşypdyr (1006, 1008, 1019 ý.).

Nyzamylmülk «Syýasatnama» kitabynda Mahmyt Gaznaly barada: «Döwlet dolanyşygynyň inçe syrlaryny doly öwrenip, hökümdarlyk etmekde özüniň ajaýyp medeniýetliligi bilen il içinde taryplanypdyr. Ol mydama dünýäden öten meşhur patyşalar barada rowaýatlary diňlemegi gowy görüpdir. Şol öten patyşalara sarpa goýmagy başarypdyr. Özüniň adalatlylygy bilen Mahmyt halkyň içinde uly şöhrata eýe bolupdyr. Ol musulman dünýäsinde yslam üçin göreşen hökümdar hökmünde tanalypdyr» diýip ýazypdyr.

Alymyň köşk howandarlygy, hemaýaty bolmasa ýeke özüniň bitirjek işi ýok. Ylym köp çykdajylary talap edýär. Ylmy maddy serişdeler bilen üpjün etmäge we goldamaga köşgüň güýji ýetýär. Dünýäde meşhurlyk gazanan beýik alymlaryň galabasy köşkde ýaşap, köşgüň hemaýatyndan peýdalanan adamlar. Mahmyt Gaznaly hem şu hakykata gulluk edipdir. Öz eýelän ýerlerinden alymlary paýtagta — Gazna çagyryp, olar üçin zerur şertleri döretmäge çalşypdyr. Soltan Köneürgenji öz tabynlygyna alansoň, musulman dünýäsinde ady belli matematik, astronom we taryhçy Abu Reýhan Birunyny (973–1048) Gaznanyň alymlar köşgüne alyp gaýdýar. Biruny Gazna geleninde, özüniň ylmy hazynasyny ýany bilen alyp gelmegi başarypdyr. Gündogaryň beýik alymy Biruny soltan Mahmyt Gaznalynyň Hindistana eden ýörişlerine gatnaşyp, hindi alymlarynyň kömek bermeginde «Hindistan» diýen uly eserini döredipdir. Munuň üçin Biruny 44 ýaşynda  iň kyn dilleriň birini hasaplanýan sanskrit dilini öwrenipdir. Birunydan başga-da, Abu Nasr ibn Yrak, Abdysamet ibn Abdysamet al-Hakim, Abulhaýyr ibn’ul Hammar ýaly ylmyň dürli ugurlarynda meşhur alymlar hem Mahmydyň hemaýatyndan peýdalanypdyrlar.

Abul Fath Aly ibn Muhammet al-Busty, Abulkasym Zyýat ibn Muhammet al-Kamary al-Jürjany, Abu Bekr Muhammet ibn Aly Hysrowy as-Sarahsy... Gaznaly türkmenleriniň köşgüniň hemaýatyny gören alymlardyr, şahyrlardyr. Taryhçy Muhammet Utby 1021-nji ýylda «Soltan Mahmyt Gaznalynyň taryhy» atly kitabyny ýazýar. Utby soltan Mahmydyň Gaznada gurduran medresesiniň ýerden petigine çenli gadym we täze döwrüň adamlarynyň ylymlaryna degişli, alymlaryň eserlerinden doldurylandygyny ýazýar.

Jumamyrat GURBANGELDIÝEW.

Milli goşun
Habarlaşmak üçin telefon belgiler
+993 12 405967 +993 12 405968 +993 12 402741
© 2019 Milli goşun. Ähli hukuklar goragly.
Milli goşun
Redaksiýanyň salygysy: Aşgabat şäheriniň Köpetdag etraby, Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýolunyň 135-nji jaýy, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýi.