19.04.2019 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Kubok ýaryşyndan 1 altyn medal
Kubok ýaryşyndan 1 altyn medal
27.12.2018 262 Sport

Ýaňy-ýakynda web-saýtymyzda sambo boýunça Türkmenistanyň çempionatynda kümüş  medala eýe bolan harby türgenimiz hakyndaky maglumaty dykgatyňyza ýetiripdik. Kümüş medalyň eýesi bolan harby türgenimiziň sportuň diňe bir sambo görnüşinden däl, eýsem kuraş, dzýudo ýaly görnüşlerinden hem baş çykarýandygyny belläpdik.

Gürrüňi edilýän türgen Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň «Merkezi goşun» sport klubynyň çagyryş boýunça harby gullukçysy Guwanç Begaliýew. Ol Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde geçirilen sportuň kuraş görnüşi boýunça Türkmenistanyň kubogyny almak ugrundaky ýaryşda 1-nji orny eýeläp, altyn medala mynasyp boldy.


Sport babatynda hem ýokary netijeler görkezip, üstünliklere eýe bolýan harby türgenlerimizi nazara alyp, Watan goragçylarynyň ýurdumyzyň sport abraýynyň artmagyna-da goşant goşýandyklary bellärliklidir. Harby türgenlerimize indiki ýaryşlarynda hem uly üstünlikler arzuw edýäris!

«Milli goşun»

Milli goşun
Habarlaşmak üçin telefon belgiler
+993 12 405967 +993 12 405968 +993 12 402741
© 2019 Milli goşun. Ähli hukuklar goragly.
Milli goşun
Redaksiýanyň salygysy: Aşgabat şäheriniň Köpetdag etraby, Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýolunyň 135-nji jaýy, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýi.