10.12.2019 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Il Arslan
Il Arslan
09.07.2019 177 Harby Taryh

Horezmşa Il Arslanyň (hökümdarlyk ýyllary 1156-1172ý.) doglan wagty hakda çeşmelerde maglumat ýok. Eger onuň 1099-njy ýylda doglan kakasy Atsyzyň takmynan 17-18 ýaşyna öýlenendigini çaklasak (türkmen hökümdarlarynda ogullaryny ýigitlik çagynda ir öýermek däbi bolupdyr), onda onuň ogly Il Arslan takmynan 1117-1118-nji ýyllarda doglan bolýar. Takmynan 35-36 ýaşynda mahaly Atsyz Jende üçünji gezek ýörişinde ogly Il Arslany bu ýere häkim belläpdir. Il Arslan takmynan 39 ýaşynda 1156-njy ýylyň 23-nji awgustynda tagta çykypdyr. Ol Horezmşalar döwletini garaşsyz döwlet diýip resmi taýdan yglan edipdir. Seljuklara tabynlykdan olar bilen deňhukukly gatnaşyklara meýillidigini duýdurypdyr. Il Arslanyň seljuk köşgüne ýollan «muhlis», ýagny «dost» diýen sözi ulanmagy hem şondan habar berýär. Garahytaýlara salgyt töläp ýören Il Arslan 1158-nji ýylyň iýulynda 41 ýaşynda uly goşun bilen Mawerannahra ýöriş edipdir. Soňra Gürgeni we Dehistany boýun egdiripdir. 43 ýaşynda (1160ý.) ýazyrlaryň ýurduny tabyn etmek maksady bilen Balkan daglaryna tarap ýöriş edipdir. 1171-1172-nji ýyllarda Horezme tarap ýörişe ugran garahytaýlaryň çozuşyndan Il Arslan diňe Syrderýadaky bendi ýykyp dynypdyr.

Akademik W.W.Bartold: «Il Arslan, şübhesiz, musulman dünýäsiniň gündogar böleginiň iň güýçli hökümdary bolupdyr» diýip ýazýar. Türkmenleriň elinden dünýewi häkimiýeti gaýdyp almak isleýän Bagdat halyfy Yrak seljuklaryny Köneürgenç türkmenlerine garşy goýmagy başarypdyr. Ussat serkerde, meşhur diplomat Il Arslan Yrak seljuklary bilen Bagdat halyfynyň arasynda araçy bolup çykyş edipdir. Ol halyf Muktefä (1136-1160) hat ýazypdyr. Hatda diňe soltan Muhammediň Horasany garakçylardan, Mawerannahry bolsa kapyrlaryň zulmundan halas edip biljekdigini ýaňzydypdyr. Munuň ýaly howsalaly döwürde bolsa, halyfyň soltana kitüwini ýatdan çykarmalydygyny nygtapdyr.

Köneürgenç etrabynda, Daşgalanyň çäginde Tekeşiň ýadygärligi bilen Uly minaranyň günorta-gündogarynda Il Arslanyň kümmeti bar. On iki gyraňly gümmezi bolan bu ymarat Merkezi Aziýa binagärçilik senedinde seýrek duş gelýän binadyr. Belli arheolog H.Ýusubow ol ymaraty «Suw hüjresi» bolmaly hasaplap, il arasynda Il Arslanyň-da, Fahreddin Razynyň-da atlary bilen baglanyşdyrylmagyny olaryň biriniň teklibi, beýlekisiniň bolsa gurdurandygyny çaklaýar.

Jumamyrat GURBANGELDIÝEW.