21.05.2019 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Hyzmatlar sanly ulgama geçirilýär
Hyzmatlar sanly ulgama geçirilýär
16.03.2019 158 Habarlar

15-nji martda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer D.Amangeldiýew hyzmatlaryň sanly ulgamyna geçmek we elektrik energiýasyny sarp edijiler bilen hasaplaşyklary alyp barmak boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Wise-premýeriň belleýşi ýaly, Aşgabat şäheriniň «Döwlet energogözegçilik» kärhanasynda häzirki zaman enjamlary we maksatnama üpjünçiligi bilen enjamlaşdyrylan hasabat merkezi döredildi. Bu ýerde paýtagtymyz boýunça sarp edijileriň maglumatlary hem-de salgylary, sarp edilen elektrik energiýasynyň mukdary, tölegiň möhleti elektron görnüşde jemlenýär. Sarp edilen elektrik energiýasy üçin tölegleri öýjükli telefonlaryň, töleg terminallarynyň, internet ulgamynyň üsti bilen geçirmek mümkinçiligi döredildi. Şeýle merkezleri ýylyň ahyryna çenli ähli welaýatlarda açmak göz öňünde tutulýar.