14.12.2018 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
TÜRKMENISTAN - BEÝIK ÝÜPEK ÝOLUNYŇ ÝÜREGI
Hünär ussatlygy - Watan goragynyň ýokary derejesiniň kepili
Hünär ussatlygy - Watan goragynyň ýokary derejesiniň kepili
16.06.2018 44 Habarlar | Harby Durmuş

Şu gün ýurdumyzyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky harby institutynda, Harby-Deňiz institutynda, Serhet institutynda, Milli howpsuzlyk institutynda hem-de Içeri işler ministrliginiň institutynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlarynyň gutardyş dabaralary geçirildi. Şeýle hem şu ýyl Türkmenistanyň Harby akademiýasynyň ýokary serkerdeler düzüminiň we Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň harby lukmançylyk bölüminiň uçurymlarynyň ilkinji gutardyş dabaralary guraldy.

Asylly däbe görä, uçurymlary hormatlamak dabarasy Türkmenistanyň Konstitusiýa binasynyň öňündäki meýdançasynda geçirildi.

Bu şanly waka mynasybetli Gutlagynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz, Bitarap ýurdumyzyň özygtyýarlylygynyň we çäk bitewüliginiň goragçylarynyň türkmen halkynyň beýik ogullarynyň şöhratly ýollaryny dowam edýändigini belledi. Ýurdumyzyň we dünýäniň taryhynda öçmejek yz goýan şöhratly pederlerimiziň harby sungat babatdaky söweşjeň endikleri harby gullukçylar tarapyndan söweşjeň tehnikalara hem-de enjamlara ussatlyk bilen erk etmek, Watanymyza wepalylygyň belent nusgasyny görkezmek hem-de ýurdumyzyň ösmegine goşant goşmak arkaly dowam etdirilýär.

Türkmenistanyň Harby akademiýasynyň uçurymlaryna ýokary hünär bilimi baradaky diplomlar we döşe dakylýan nyşanlar gowşuryldy. Şeýle hem harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlary serkerdelik şahsyýetnamalaryna mynasyp boldular. Ýaş serkerdeler Watanymyza, halkymyza we Belent Serkerdebaşymyza wepaly gulluk etjekdiklerine kasam etdiler.

Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli harby özgertmeleriň çäklerinde harby gullukçylaryň täze nesli kemala geldi. Olar döwletiň we dünýäniň taryhynda uly yz galdyran Oguz han, Çagry beg, Togrul beg, Alp Arslan ýaly şöhratly pederlerimiziň gahrymançylyklary esasynda terbiýelenip, häzirki döwürde milli howpsuzlygy, parahatçylygyň we dostlugyň serhedi bolan Döwlet çäkleriniň eldegrilmesizligini üpjün edýärler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygy hem-de başlangyjy esasynda işlenip taýýarlanylan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň goranmak häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasy döwletimiziň bitaraplyk derejesini, parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasat ugruny nazara almak bilen, harby we hukuk goraýjy düzümleriň işiniň esasy ugurlaryny kesgitleýär.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, bu düzümleriň esasy wezipesi Watanymyzyň mukaddes çäkleriniň eldegrilmesizligini, ýurdumyzyň parahatçylygyny we abadançylygyny üpjün etmekden, Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň has-da artdyrylmagyna, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen giň möçberli özgertmeleri amala aşyrmak üçin zerur şertleri döretmekden ybaratdyr.

Häzirki döwürde harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary harby işiň öňdebaryjy tejribesini hem-de söweşjeň endikleri, döwrebap tehnologiýalary ele alýarlar, bu ugra degişli dürli ylymlary özleşdirýärler. Olar mähriban Watanymyza we halkymyza çuňňur söýginiň, watansöýüjiligiň ýokary nusgasyny görkezen milli harby sungatyň asylly ýörelgelerini mynasyp dowam edýärler.

Hemmetaraplaýyn bilimli, berk bedenli we ruhy taýdan baý ýaş harby gullukçylary taýýarlamak maksady bilen, olaryň ygtyýarynda häzirki zaman kompýuter we multimediýa enjamlary, Internet-serişdelerini hem-de elektron kitaphanalar ulgamlaryny işjeň peýdalanmaga mümkinçilik berýän şertler bar. Bu bolsa okuw usullaryny kämilleşdirmäge, täze bilime bolan gyzyklanmalary höweslendirmäge mümkinçilik berýär.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň hem-de Bitaraplygymyzyň ýörelgeleriniň berkidilmegine edermen Watan goragçylarynyň goşandyna ýokary baha bermek bilen, döwletimiz olary hemmetaraplaýyn goldaýar hem-de harby gullukçylar we olaryň maşgalalary üçin zerur gulluk hem-de durmuş şertleriniň döredilmegini üpjün edýär. Döwrebap harby şäherçeleriň, serhet galalarynyň, döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň, sport desgalarynyň we sagaldyş merkezleriniň yzygiderli gurulmagy şeýle aladanyň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Dabaranyň ahyrynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlary hem-de mugallymlary Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Onda harby we hukuk goraýjy edaralar hakynda yzygiderli alada edýändigi üçin milli Liderimize hoşallyk sözleri beýan edildi.

Ýaş serkerdeler döwlet Baştutanymyza halkymyzyň agzybirliginiň hem-de bitewüliginiň, Watanymyzyň parahatçylygynyň we abadançylygynyň berkidilmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikler, berk jan saglyk hem-de uzak ömür arzuw edip, Watanymyza hem-de mähriban halkymyza wepaly gulluk etjekdiklerine ynandyrdylar. Olar öz alan bilimini we tejribesini özleşdirip, Türkmenistanyň we onuň konstitusion gurluşynyň howpsuzlygyny, döwlet serhetleriniň bitewüligini pugtalandyrmak, kanunçylygy, hukuk tertibini berkitmek, ýurdumyzyň täze taryhy eýýamyň özgertmeler ýoly bilen ynamly gadam urmagynyň möhüm şerti bolan içerki syýasy durnuklylygy saklamak ugrunda ähli tagallalary etjekdiklerini nygtadylar.

* * *

Şeýle hem Türkmenbaşy şäheriniň baş meýdançasynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutynyň uçurymlaryny hormatlamak dabarasy geçirildi. Bu ýokary okuw mekdebiniň uçurymlaryna serkerdelik şahsyýetnamalary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Dabaranyň çäklerinde harby kasama wepaly, ýokary hünärli harby gullukçylar bolup durýan uçurymlar Hazar deňzinde ýurdumyzyň bähbitleriniň goraglylygyny üpjün etmek boýunça öz üstüne ýüklenen jogapkärli wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirjekdiklerine ynandyrdylar.

Milli goşun
Habarlaşmak üçin telefon belgiler
+993 12 405967 +993 12 405968 +993 12 402741
© 2018 Milli goşun. Ähli hukuklar goragly.
Milli goşun
Redaksiýanyň salygysy: Aşgabat şäheriniň Köpetdag etraby, Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýolunyň 135-nji jaýy, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýi.