19.04.2019 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Hünär taýýarlygy kämilleşdirilýär
Hünär taýýarlygy kämilleşdirilýär
09.04.2019 146 Harby Durmuş

2019-njy ýylyň aprel aýynyň 8-9-y aralygynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň terbiýeçilik düzüminiň harby gullukçylarynyň bilimini we hünär taýýarlygyny has-da kämilleşdirmek, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde terbiýeçilik işiniň we düzgün-nyzamyň ýagdaýyny seljermek maksady bilen, ýörite meýilnama esasynda okuw-usulyýet ýygnanyşygy geçirildi.

Ýygnanyşyk Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde terbiýeçilik işini mundan beýlägem kämilleşdirmeklige gönükdirildi. Şeýle hem ýygnanyşykda döwlet ideologiýasyny wagyz-nesihat etmek, şahsy düzümi harby-watançylyk ruhunda terbiýelemek, lebzihalal, watansöýüji ýaşlary kemala getirmek we harby düzgün nyzamy pugtalandyrmak barasynda gürrüňdeşlikler geçirildi. Mundan başga-da Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň «Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakyndaky» Permanyndan ugur alyp, bellenen möhletleri gulluk eden harby gullukçylary Watan öňündäki bitiren hyzmatlaryny göz öňüne tutup, abraý bilen maşgalalaryna gowuşmaklary üçin alada edip, ugradyş dabaralarynyň şatlyk şowhuna beslenmegini gazanmak babatynda tabşyryklar bellenildi. Harby gulluga çagyryşa degişli edilen ýaşlara bolsa Watany goramakdaky konstitusion borjy hakynda ilkinji düşünjeleri berilmelidigi, Watan mukaddesligi hakynda düşündiriş işleriniň we olar bilen wagyz-nesihat duşuşyklarynyň talabalaýyk geçirilmelidigi dogrusynda giňişleýin söhbet edildi.

Şeýle ýygnanşyklaryň ýygy-ýygydan geçirilmeginiň maksady Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň her bir harby bölüminde edilýän işleri seljerip, bu babatda öňegidişlikleri gazanmak bolup durýar. Şeýlelikde, terbiýeçilik ýaly asylly, şol bir wagtyň özünde jogapkärli kär ynanylan harby gullukçylar öz zähmet çekýän harby bölümine dolanyp, milli goşunymyzyň terbiýeçilik işlerini, söweşjeň taýýarlygyny ýokarlandyrmak bilen bir hatarda, goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinamyzyň ösüşine hem öz goşantlaryny goşjakdyklaryna ynanýarys.

«Milli goşun».

Milli goşun
Habarlaşmak üçin telefon belgiler
+993 12 405967 +993 12 405968 +993 12 402741
© 2019 Milli goşun. Ähli hukuklar goragly.
Milli goşun
Redaksiýanyň salygysy: Aşgabat şäheriniň Köpetdag etraby, Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýolunyň 135-nji jaýy, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýi.