10.12.2019 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Hormatly Prezidentimize Özbegistan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň «Hormatly akademigi» atly dereje berildi
Hormatly Prezidentimize Özbegistan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň «Hormatly akademigi» atly dereje berildi
29.11.2019 77 Habarlar

28-nji noýabrda Özbegistan Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Özbegistan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň «Hormatly akademigi» atly derejäni bermek dabarasy boldy.

Maslahatlar zalynyň eýwanynda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu günki Türkmenistan we halkymyzyň taryhy-medeni mirasy barada gürrüň berýän hem-de özbek diline terjime edilen «Bagtyýarlyk — saglykdan başlanýar», «Çaý — melhem hem ylham», «Medeniýet halkyň kalbydyr», «Janly rowaýat» atly kitaplaryndan düzülen sergi guraldy.

Bu ýerde guralan dabara gatnaşyjylaryň hatarynda özbek tarapyndan resmi adamlar, Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň agzalary, iki ýurduň ylmy intelligensiýasynyň wekilleri, goňşy döwletiň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmenistanly ýaşlar bar. Dostlukly ýurtlaryň Baştutanlary özleri üçin niýetlenen ýere geçýärler.

Türkmenistanyň Prezidentiniň halkara ylmy toparlaryň arasynda ägirt uly abraýa eýe bolan alym, birnäçe düýpli täzeçil gözleglere esaslanýan hem-de häzirki zaman saglygy goraýyş, derman senagaty ulgamynyň, ykdysadyýetiň, binagärligiň we beýleki pudaklaýyn bilimleriň ösdürilmegine, şeýle hem Merkezi Aziýanyň baý tebigatynyň öwrenilmegine bagyşlanan düýpli ylmy işleriň awtory bolan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Özbegistan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň prezidiumynyň agzalarynyň «Hormatly akademigi» diýen derejäni bermek hakyndaky çözgüdi kabul edendigi barada aýdyldy.