21.05.2019 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Hazarýaka döwletleriň ygtyýarly wekilleriniň duşuşygy
Hazarýaka döwletleriň ygtyýarly wekilleriniň duşuşygy
12.03.2019 85 Habarlar

11-nji martda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Hazarýaka döwletleriň ygtyýarly wekilleriniň «Hazar deňzinde gözleg-halas ediş işlerini geçirmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda» Hazarýaka döwletleriň Hökümetleriniň arasyndaky Ylalaşygyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak we ylalaşmak boýunça birinji mejlisi öz işine başlady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça bu çäre ýurdumyzyň Daşary işler ministrligi we Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet kärhanasy tarapyndan guraldy.

Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň we Türkmenistanyň bilermenleriniň gatnaşmagynda geçirilýän mejlisiň birinji gününiň dowamynda Ylalaşygyň taslamasyny düýpli ara alyp maslahatlaşmak we oňa teklipleri girizmek boýunça işler alnyp baryldy.