25.03.2019 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Hazarýaka döwletleriň ygtyýarly wekilleriniň Birinji mejlisi
Hazarýaka döwletleriň ygtyýarly wekilleriniň Birinji mejlisi
15.03.2019 20 Habarlar

14-nji martda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Hazar deňzinde ylmy-barlaglary geçirmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Hazarýaka döwletleriň Hökümetleriniň arasyndaky Ylalaşygyň taslamasyny ylalaşmak boýunça Hazarýaka döwletleriň ygtyýarly wekilleriniň Birinji mejlisi öz işine başlady.

Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň we Türkmenistanyň bilermenleriniň mejlisiniň ilkinji güni Hazar deňzinde ylmy barlaglary geçirmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Hazarýaka döwletleriň Hökümetleriniň arasyndaky Ylalaşygyň taslamasyny düýpli ara alyp maslahatlaşmaga hem-de teklipleri girizmäge bagyşlandy.

Ylalaşygyň taslamasyny ylalaşmak boýunça Hazarýaka döwletleriň ygtyýarly wekilleriniň mejlisi iki günläp dowam eder.

Milli goşun
Habarlaşmak üçin telefon belgiler
+993 12 405967 +993 12 405968 +993 12 402741
© 2019 Milli goşun. Ähli hukuklar goragly.
Milli goşun
Redaksiýanyň salygysy: Aşgabat şäheriniň Köpetdag etraby, Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýolunyň 135-nji jaýy, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýi.