19.02.2019 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
«Hazar deňzi — durnukly ösüş we netijeli dolandyrmak» atly sebit maslahatyna taýýarlyk işleri alnyp barylýar
«Hazar deňzi — durnukly ösüş we netijeli dolandyrmak» atly sebit maslahatyna taýýarlyk işleri alnyp barylýar
12.02.2019 35 Habarlar

11-nji fewralda sanly aragatnaşyk arkaly geçirilen iş maslahatynda DIM-y R.Meredow şu ýylyň mart aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýedinji gezek geçirilýän «Hazar deňzi — durnukly ösüş we netijeli dolandyrmak» atly sebit maslahatyny guramagyň meseleleri barada hasabat berdi. Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça Döwlet kärhanasynyň Halkara okeanlar instituty bilen bilelikde guraýan her ýyllyk forumyna Hazarýaka döwletleriniň hünärmenleri gatnaşar.

Hazar deňzi bilen baglanyşykly meseleler Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Sebitara we halkara hyzmatdaşlygy meselesinde möhüm orun eýeleýän ýurdumyz bu sebitde parahatçylygy, durnuklylygy we giň hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek, Hazarýaka döwletleriniň halklarynyň arasynda dostluk gatnaşyklaryny berkitmek işine mynasyp goşant goşýar.

Ýurdumyzyň geografik taýdan amatly ýerleşmegi, uglewodorod serişdeleriniň baý ýataklary we beýleki serişdeler, amatly howa ýagdaýy Hazar deňziniň gurşawynyň Ýewraziýa giňişliginde sazlaşykly ösýän senagat, ulag we şypahana merkezine öwrülmegini üpjün etdi diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Şunuň bilen baglylykda, bu ýerde Hazaryň ekologiýa howpsuzlygynyň bitewi we pugta ulgamyny döretmek babatda ylalaşykly halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmagyň ähmiýetiniň artýandygyny belläp, milli Liderimiz her ýylda geçirilýän sebitleýin maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda anyk tabşyryklary berdi.

Milli goşun
Habarlaşmak üçin telefon belgiler
+993 12 405967 +993 12 405968 +993 12 402741
© 2019 Milli goşun. Ähli hukuklar goragly.
Milli goşun
Redaksiýanyň salygysy: Aşgabat şäheriniň Köpetdag etraby, Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýolunyň 135-nji jaýy, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýi.