10.12.2019 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Harby türgenimiziň iki halkara ýaryşyndan üstünlikli netijesi
Harby türgenimiziň iki halkara ýaryşyndan üstünlikli netijesi
16.09.2019 120 Sport

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň «Merkezi goşun» sport klubynyň harby gullukçysy, uly leýtenant Wepa Orazmyradow 4-12 sentýabr aralygynda Gyrgyz Respublikasynyň Çolpan-Ata şäherinde geçirilen iki uly ýaryşda baýrakly orunlarynyň eýesi boldy.

XIX Halkara Issyk-Kul sport oýunlarynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň serkerdesi +80 kilogram agramlyk derejesinde sportuň «Alyş» göreşi görnüşi boýunça altyn medala mynasyp boldy. Ol ýeňşe barýan ýolunda özbegistanly, ermenistanly pälwanlar bilen tutluşyp, finalda gyrgyz bäsdeşini ýeňmegi başardy.

II GDA döwletleriň gatnaşyjylarynyň sportuň we milli oýun görnüşleriniň festiwalynda «gyrgyz» göreşi boýunça geçirilen ýaryşda biziň harby türgenimiz +92 kilogram agram derejesinde göreşip, hormat münberiniň ikinji basgançagyna çykdy. Ol özbegistanly we ermenistanly pälwanlar bilen üstünlikli tutluşyp, finalda gyrgyz pälwanyndan asgyn geldi.

Biziň harby-türgenimizi tüýs ýürekden gutlaýarys we geljekde täze ýeňişleri gazanmaga arzuw edýäris!

«Milli goşun».