10.12.2019 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Harby institutyň wekilleri «Ýaş alymlar – telekommunikasiýa ulgamynda» atly bäsleşigiň ýeňijileri
Harby institutyň wekilleri «Ýaş alymlar – telekommunikasiýa ulgamynda» atly bäsleşigiň ýeňijileri
01.12.2019 184 Harby Bilim

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby institutynyň zehinli ýaş harby gullukçylary we harby talyplary «Ýaş alymlar – telekommunikasiýa ulgamynda» atly bäsleşiginde 3-nji orna mynasyp boldular. Bu bäsleşik Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan «Türkmentel-2019» atly XII halkara sergisiniň çäklerinde geçirildi.

Harby ýokary okuw mekdebi harby talyplar we harby gullukçylar tarapyndan hödürlenen täze pikirleriň we taýýar taslamalaryň sany boýunça hem tapawutlandy. Ol işleriň özboluşlylygy we ýokary hilliligi nazara alnyp, harby ýokary okuw mekdebiniň 20-ä golaý harby talyplary we harby gullukçylary Hormat hatlary bilen sylaglandylar.

Bäsleşigiň 3-nji ornuna mynasyp bolan Harby institutyň ýaş alymlary emin-agzalar toparyna mikroshemalaryň kämilleşdirilen döwrebap programmirlemek usullaryny hödürlediler. Şunlukda eminler  käbir wezipeleri awtomatlaşdyrylan ýagdaýda ýerine ýetirmek üçin özboluşly ýa-da kämilleşdirilen birnäçe programmalar bilen tanyşdylar. Mysal üçin, wajyp habarlary hemmelere paýlaýan, iri kärhanalaryň awtoulaglarynyň ýangyjy sarp edişiniň hasabatyny ýöredýän we ş.m. programmalar.

– Mälim bolşy ýaly, hormatly Belent Serkerdebaşymyz ýaş alymlary goldamaklyga uly üns berýär. Biziň ýurdumyzda, şol sanda harby we hukuk goraýjy edaralarynyň institutlarynda olaryň netijeli işlemekleri üçin ähli gerek bolan şertler döredilýär. Biziň maglumat-kommunikasion tehnologiýalaryndan başy çykýan zehinli harby talyplarymyzyň we harby gullukçylarymyzyň häzirki ýeňşi hem munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar – diýip, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby institutynyň Ýaş alymlar geňeşiniň başlygy, kapitan Döwran Abdyrasulow gürrüň berdi.

«Milli goşun».