21.05.2019 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Halkara zenanlar güni mynasybetli dabaralar
Halkara zenanlar güni mynasybetli dabaralar
08.03.2019 108 Habarlar

8-nji martda Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň konserti geçirildi.

Bu ajaýyp baýramçylyk mynasybetli guralan konsertde zenanlar tüýs ýürekden gutlaglary hem-de özlerine bagyşlanan aýdym-sazly çykyşlardan lezzet aldylar, onda ýurdumyzyň belli aýdymçylary we döredijilik toparlary konsert maksatnamasy bilen çykyş etdiler.

Çykyşda milli Liderimiziň belleýän türkmen zenanlarynyň hem-de olaryň häsiýetleri beýan edildi. Konsertde eneleriň, ähli watandaş zenanlarymyzyň gözelligi, kalbynyň päkligi hem-de wepalylygy, çäksiz mähri öz beýanyny tapdy.

Şu günler ähli ýerlerde ajaýyp zenanlarymyza tüýs ýürekden gutlaglar we arzuwlar aýdylýar, olaryň hormatyna sergiler, bäsleşikler, dürli duşuşyklar we beýleki çäreler guralýar. Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk çäreleri ýurdumyzyň iň gowy teatr sahnalarynda hem-de konsert meýdançalarynda guraldy.

Baýramçylyk çäreleriniň umumy görnüşinden ajaýyp sazlaşyk emele geldi, garaşsyz Türkmenistanyň zenanlaryna gowşurylan gül desseleri we olaryň şadyýan keşpleri baýramçylyk dabarasyna aýratyn öwüşgin çaýdy.