19.04.2019 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Gylyç Arslan
Gylyç Arslan
02.04.2019 144 Harby Taryh

Hytaý bilen Müsür aralykda türkmenleriň döwletlilik taryhynda Anadoly hem möhüm ähmiýete eýedir. Anadoly —  Aziýa yklymynyň günbatara tarap uzaýan, dörtburçluk şeklindäki, 755,688 inedördül km. meýdany tutýan adybir ýarymadasy. Ol häzirki Türkiýe Respublikasynyň meýdanynyň 97%-ni tutýar. Demirgazyk-günbatardaky Mermer deňziniň Bosfor we Dardanell bogazlary arkaly ol Türkiýäniň Ýewropadaky Frakiýa kysmyndan bölünip aýrylýar. Anadolynyň üç tarapy deňiz bilen gurşalandyr: onuň demirgazygynda Gara deňzi, günbatarynda Egeý deňzi, günortasynda bolsa Ortaýer deňzi (Ak deňiz) bar. Ýarymada demirgazykdan günorta tarap 650 km, gündogardan günbatara tarap 1600 km. uzalyp gidýär. Hut şu topraklarda türkmenler taryhda 20-den gowrak beglik döretdiler. Seljuk türkmenleri bu ýerde Anadoly (Rum) Seljuk döwletini döretdiler. Bary-ýogy 28 ýaşan Gylyç Arslan I (1079–1107ý.) Anadoly seljuklarynyň meşhur soltanydyr. Ol Gylyç Arslan Süleýman şanyň ogludyr, Gutulmyşyň agtygydyr, Arslan Ýabgunyň çowlugydyr, Seljuk begiň ýuwlugydyr. 13 ýaşynda Yznykda (Nikeýa) tagta çykdy, 15 ýyllap hökümdar boldy (hökümdarlyk ýyllary 1092–1107ý.).

Gylyç Arslan Izmirdäki türkmen begi Çakan beg bilen dostana gatnaşyklarda bolupdyr, onuň gyzyna öýlenipdir. Gylyç Arslan ilkibada Çakan beg bilen bilelikde wizantiýalylara garşy göreşipdir. Olary Mermer deňziniň kenarlaryndan yza çekilmäge mejbur edipdir. Çakan beg Bosfor (Stambul) bogazynyň töwereginde işjeň hereketleri alyp baryp, Stambuly almaga synanyşypdyr.

Gylyç Arslan 17 ýaşynda Izmitiň golaýynda I haçly ýörişi yza serpikdiripdir (1096 ý. sentýabry). Haçparazlaryň az bölegine Konstantinopola çekilmek başardypdyr. I haçly ýörişiniň howpy sowlansoň, 18 ýaşynda Konýany Rum seljuklarynyň döwletiniň paýtagtyna öwrüpdir.

Gylyç Arslanyň özlerine Anadoluny ýurt tutunyp, döwlet gurmaga idin beren Beýik Seljuklaryň garşysyna gitmegi bolsa, onuň ömrüni pajygaly tamamlanmagyna eltýär. On bäş ýyllyk soltanlygy döwründe halka özüni söýdüren Gylyç Arslan Anadolynyň türkmenleşmeginde, haçparazlara garşy göreşde uly hyzmatlary bitiripdir. Urfaly Mateosyň ýazmagyna görä, «Gylyç Arslanyň ölümi hristianlar üçin hem matam bolupdyr».

Jumamyrat GURBANGELDIÝEW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty.

Meňzeş habarlar
Milli goşun
Habarlaşmak üçin telefon belgiler
+993 12 405967 +993 12 405968 +993 12 402741
© 2019 Milli goşun. Ähli hukuklar goragly.
Milli goşun
Redaksiýanyň salygysy: Aşgabat şäheriniň Köpetdag etraby, Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýolunyň 135-nji jaýy, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýi.