19.02.2019 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy toplumynyň ýanwar aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri
Gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy toplumynyň ýanwar aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri
09.02.2019 38 Habarlar

8-nji fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer D.Amangeldiýew gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy toplumynyň 2019-njy ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe Aşgabat şäher häkimligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 128,3 göterim ýerine ýetirilip, 108,3 göterim ösüş depgini gazanyldy.

Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça meýilnama 101,3 göterim ýerine ýetirilip, ösüş depgini 100,3 göterime ýetdi.

Energetika ministrligi boýunça meýilnama 114,9 göterim ýerine ýetirilip, ösüş depgini 109,4 göterime barabar boldy.

Şeýle hem wise-premýer gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy toplumynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, ýurdumyzyň sarp edijilerini elektrik energiýasy bilen ygtybarly hem-de bökdençsiz üpjün etmek, gurluşygy dowam edýän binalary we desgalary ýokary hilli, bellenen möhletlerinde ulanmaga tabşyrmak bilen bagly hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, tebigy hadysalaryň täsirlerini peseltmek boýunça çäreleri görmek babatda jemagat hojalygy düzümleriniň alyp barýan işlerine nägilelik bildirdi.

Milli Liderimiz gyş döwründe ýagynyň köp ýagmagy netijesinde ýerasty suwlaryň derejesiniň ýokarlanmagynyň mümkindigini aýtdy. Munuň özi suwlaryň lagym ulgamy ýa-da beýleki dürli ulgamlar arkaly jaýlaryň ýerzemin gatyna geçmegine getirer. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz şeýle ýagdaýyň öňüni almak üçin zerur çäreleri görmegiň wajypdygyny aýdyp, bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Milli goşun
Habarlaşmak üçin telefon belgiler
+993 12 405967 +993 12 405968 +993 12 402741
© 2019 Milli goşun. Ähli hukuklar goragly.
Milli goşun
Redaksiýanyň salygysy: Aşgabat şäheriniň Köpetdag etraby, Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýolunyň 135-nji jaýy, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýi.