14.12.2018 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
TÜRKMENISTAN - BEÝIK ÝÜPEK ÝOLUNYŇ ÝÜREGI
Gorkutdan gelýän gönezlik
Gorkutdan gelýän gönezlik
26.11.2018 44 Harby Taryh

Agzybirlik adalaty. Agzybirlik adalaty bu eseriň özeninde bar, ony eseriň tutuş süňňünde görmek bolýar. Eseriň hakydalarda müdimi orun alan edebi gahrymanlarynyň biri Däli Domruldyr. Onuň dogmy içine  syganok. Ol gury çaýyň üstünde guran köprüsinden geçenlerden paç aljak. Hemmeleri – geçesi gelýäni, gelmeýäni şol köprüden geçirmekden lezzet alýan hem bolsa, onuň kalbynyň töründe ynsanperwerlik duýgusy bar. Bir gezek ol perzendini elinden giderenleriň zaryna dözmeýär. Jan alyjy Ezraýyla sütem  edesi gelýär. Ezraýylyň ezberligine göz ýetireninden soň, jan şirinligine kemsiz düşünýär. Eseriň edil şu pursadynda agzybirligiň derwaýyslygy örboýuna galýar. Domrul beg öz janynyň ornuna jan berip biler öýdenleriň hemmesine Ezraýylyň talabyny aýdýar. Ýöne welin hemme zat garaşylyşy ýaly bolubermeýär. Diňe aýaly onsuz ýaşaýşyň gerek däldigini aýdýar. Domrulyň ornuna öz janyny bermäge taýýar bolýar. Domrul beg özi üçin gurban bolmaga taýýar gelnini ykbalyndan gideresi gelmeýär. Şonuň üçin hem onuň: «Alsaň, ikimiziňem janymyzy bile al, goýsaň hem ikimiziň janymyzy bile goýgul» diýen sözleri Hudaýa hoş ýaraýar. Hudaý biri-biri üçin jan bermäge taýýar wepadarlaryň her birine 140 ýyl ömür bagyşlaýar. Diýmek, eser öz okyjylaryna birek-birek üçin baş goýmaga taýýar bolmagy ündeýär. Çünki ýekeje gün hem bolsa agzybirlik, ruhubelentlik bilen ýaşalan ömür bagtyýarlykdandyr. Bu eser, aýratyn hem Däli Domrully bölüm halkymyzyň «Agzybire – Taňry biýr, agzalany gaňrybiýr» diýen müdimilik paýhasynyň edebi we ebedi subutnamasydyr.

Ýagşylyk edip ýalkanmak adalaty. Eseriň «Bugaç han Derse oglunyň boýy» bölüminde hanlar hany Baýyndyr hanyň täsin toý tutumy hakynda gürrüň edilýär. Örän inçelik bilen çemeleşmeseň, bu toý tutumy o diýen adalatly däl ýaly görünmegi-de mümkin. Ol toý tutumy eserde ýagşylyk edip ýalkanmak adalatyny dabaralandyrmak üçin peýdalanylan edebi tilsimdir. Eserde Baýyndyr han oguz beglerini myhmançylyga çagyryp, edilmeli hyzmatyň tertibini şeýle beýan edýär:

«Bir ýerde ak otag, bir ýerde gyzyl otag, bir ýerde hem gara otag gurup: «Ogly bolany ak otaga, gyzy bolany gyzyl otaga gonduryň, kimiň ogly-gyzy bolmasa, gara otaga gonduryň, aşagyna hem gara keçe düşäp, gara goýnuň ýahnasyndan öňüne getirip goýuň...» diýýär. Mahlasy, Derse han şol  myhmançylykdan öýüne diýseň nägile we keýpsiz halda dolanýar. Alla nalyş edýär, aýalyna-da – gazap. Şonda onuň aýaly: «Aç görseň, doýurgyn, ýalaňaç görseň don etgin, borçlyny borjundan gutargyn. Depe kimin et ýyg, köl kimin gymyz sagdyr, uly toý et, hajat dile, belki, bir agzy dogalynyň alkyşy bilen Taňry bize bir ogul beräýedi-dä» diýýär.  Derse han aýalynyň sözüni diňleýär we berjaý edýär. «Alkyş bilen är gögär» diýlen jümle ýönelige ýörgünli bolan däldir. Çünki şol toýdan soň, aý-gün müddeti ýetende Derse hanyň ogly bolýar. Bugaç han Derse hanyň ýagşylyk edip ýalkanmak adalatynyň miwesidir.

At gazanmak adalaty. Şol döwürde oguz halkynyň erkek oglana tä bir iş bitirip, özüni görkezýänçä at dakmazlyk däbi ýörgünli bolupdyr. Tä bir iş bitirip, ruhy derejesini, mertebesini, ukyp-başarnygyny subut edýänçä, oglan çaga at dakylmandyr. Ol pylanynyň uly, ortanjy ýa-da körpe ogly diýlen düşünjeler arkaly tanalypdyr. Halkymyzyň şol döwürde meşhur bolan bu dessury dogrusynda hormatly Prezidentimiz «Döwlet guşy» romanynda «Dogulmak – at almak däl, at almak dogulmak. Oglan Gorkut
atanyň öňünde özüniň hünärini görkezip mynasyp at alýan eken» diýip, örän ýerlikli belläp geçýär. Hakykatdan hem şol döwürde çaga mynasyp adyny gazanmagy başarandan soňra, ýaňy doglan ýaly öz ady bilen hereket etmäge mümkinçilik gazanýar. Eserden käbir mysallara ýüzleneliň.

«Derse hanyň ýagşylyk edip, ýalkanmagyndan binýat tapan ogly Buga ýykyp, Bugaç adyny alýar. Gürrüň diňe Bugaç hanyň ady dogrusynda däl, at gazanmak adalatyny beýleki gahrymanlaryň ady hem subut edýär. Dälidönder – ýagyny yzyna gaýtaryjy, dönderiji batyr; Ilek – bir ilse sypdyrmaýan; Bekel – eli bek. Ýeňse – ketje, özdiýenli; Okçy – mergen; Dözen – mümkin bolmadyk, çem geleniň dözüp bilmejek synagyna dözen, çydamly; Dönebilmez Düwlekorun – yzyna dönmäge-de oňaýsyz, düwün-düwün, düwlek, dyzmaç häsiýetli Orundyr.»

Ili sylamak adalaty. Eserde şeýle bir mysal bar: «Hantöreli jemal we kemal eýesi ýigitdi. Oguzda dört sany ýigit ýüzi nikaply gezerdi. Olaryň biri Hantörelidi, biri Garaçöňür, biri Gyrykgynyk, biri hem boz aýgyrly Birekdi». Gahrymanlaryň atlaryny we eserde ýerine  ýetirýän wezipelerini içgin öwrenip, şeýle  karara gelmek bolýar. Oguz ýigitleriniň ýüzi nikaply gezmeginiň iki sany sebäbi bar. Atlaryndan belli bolşy ýaly, Garaçöňür bilen Gyrykgynyk öz ýüz keşpleriniň oňaýsyzlygyny ilden gizläpdir. Olar diýseň edermen we gaýduwsyz ýigitler. Watana abanýan howpuň öňünde döş gerip durmaly bolanda, hiç kimden peslär ýaly däl. Emma toýda-tomguda bir saçagyň başynda nahar iýmeli bolanda, iliň çagalarynyň ýüreklerinde ýakymsyz duýgy oýarmazlyk üçin ýüzlerini nikaplapdyrlar. Olar özleriniň hyýrsyz ýüzlerini ýekeje ýerde, elleri gylyçly garşydaşlarynyň öňünde açypdyrlar. Eserde jemal we kemal eýesi hasaplanýan  Hantöreli bilen, dokuz gyzyň umydy saýylýan  boz aýgyrly Birek begiň nikaply gezmeginiň sebäbi has hem haýran galdyryjydyr. Zyndandan boşamagyna-da sebäp bolan zadyň, özüni zyndana atan begiň gyzyny imrikdiren görküdigini bilýän Birek beg egindeş ýigitleriniň, dost-ýarlarynyň, gyz uýalarynyň özlerine imrinmezligi üçin ýüzi nikaply gezmegi dogry bilipdir. Adalat kemi ýok.

Aşyrmät GARLY,  «Milli goşun»

Milli goşun
Habarlaşmak üçin telefon belgiler
+993 12 405967 +993 12 405968 +993 12 402741
© 2018 Milli goşun. Ähli hukuklar goragly.
Milli goşun
Redaksiýanyň salygysy: Aşgabat şäheriniň Köpetdag etraby, Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýolunyň 135-nji jaýy, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýi.