19.02.2019 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Germaniýa bilen hyzmatdaşlyklar işjeňleşdiriler
Germaniýa bilen hyzmatdaşlyklar işjeňleşdiriler
12.02.2019 48 Habarlar

11-nji fewralda geçirilen sanly wideoaragatnaşyk boýunça iş maslahatynda Döwlet Baştutanymyz şu ýylyň 11 — 14-nji fewralynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň türkmen-german işewürlik maslahatyna gatnaşmak üçin Germaniýa Federatiw Respublikasyna iş saparyna ugradylýandygyny belledi. Milli Liderimiz öňde boljak forumyň çäklerinde gol çekilmegi meýilleşdirilen hökümetara resminamalaryň taslamalaryny makullap, degişli Buýruga gol çekdi hem-de elektron resminama dolanyşygy ulgamy boýunça ony wise-premýer E.Orazgeldiýewe ugratdy. Ikitaraplaýyn şertnamalaýyn-hukuk binýadynyň üstüni ýetirjek resminamalaryň hatarynda dürli oba hojalyk tehnikasy bilen üpjün etmek ulgamynda özara hyzmatdaşlyk, şeýle hem ýer we suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak, suw hojalygy ulgamy we beýleki ugurlar boýunça hünärmenleri taýýarlamak we okatmak barada özara hyzmatdaşlyk hakynda ähtnamalar bar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Germaniýa bilen söwda-ykdysady ulgamda gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmeginiň möhümdigini nygtap, innowasiýa ösüşi ugur edinýän Türkmenistanyň nemes kompaniýalarynyň iň gowy dünýä tejribesini we tehnologiýalaryny çekmäge ýokary gyzyklanma bildirýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň toprak-howa şertleri göz öňünde tutulyp taýýarlanylýan oba hojalyk tehnikalaryny satyn almak hem-de bu ugurda iki ýurduň degişli düzümleriniň hünärmenleriniň arasynda tejribe alyşmak işleri ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine ýardam berjekdigi nygtaldy.

Bu ugurda alnyp barylýan işlerde suw tygşytlaýjy oba hojalyk tehnikalarynyň we beýleki ýörite enjamlaryň netijeli ulanylmagy esasy wezipeleriň hatarynda durýar diýip, döwlet Baştutanymyz wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Milli goşun
Habarlaşmak üçin telefon belgiler
+993 12 405967 +993 12 405968 +993 12 402741
© 2019 Milli goşun. Ähli hukuklar goragly.
Milli goşun
Redaksiýanyň salygysy: Aşgabat şäheriniň Köpetdag etraby, Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýolunyň 135-nji jaýy, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýi.