14.12.2018 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
TÜRKMENISTAN - BEÝIK ÝÜPEK ÝOLUNYŇ ÝÜREGI
Ganat-per biten bürgütler asuda asmanymyzyň merdana goragçylarydyr
Ganat-per biten bürgütler asuda asmanymyzyň merdana goragçylarydyr
25.05.2018 34 Habarlar | Harby Bilim

Halkymyz ylym paýyndan kemsiz ýüküni tutup, durmuş ýoluna gadam basan ýaşlara hem uçurym diýýär. Uçurymyň nämedigini halkymyzyň hemmesi hem bilýär. Öz ganatyna bil baglap, ata-enesiniň höwürtgesinden ilkinji gezek uçup görmek başarnygyny barlap gören guş. Diýmek uçurym özüniň uçup bilýändigine göz ýetiren guş. Indi oňa asman giňişligi garaşýar. Emma guş bar – guş bar. Bürgütler asman giňişliginiň iň ýokarky gatlagyna göterilip bilýän hem-de, aýdyşlaryna görä, şol ýerden ýerdäki süýtli jama gaçan ak gyly, gara daşyň üstündäki gara gyly saýgaryp bilýän eserdeň guşdur.

Ýurdumyzyň ähli künjeklerindäki orta bilim berýän mekdepler bilen bir hatarda, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby mekdeplerinde hem ýaş watançylara döwrebap bilim berilýär. Olaryň sagdyn ösmegi, yzygiderli döredijilik, sport bilen meşgullanmagy, oňat dynç almaklary, boş wagtlaryny gyzykly hem-de netijeli geçirmekleri üçin ähli mümkinçilikler we şertler döredilen. Ýöriteleşdirilen harby mekdepleriniň adaty orta mekdeplerden tapawutly tarapy olaryň okuw meýilnamalarynda başlangyç harby taýýarlygy sapaklary hem girizilendir. Ýagny, harby okuwçylar heniz ýaşlygyndan başlangyç harby bilimleri özleşdirmäge mümkinçilik alýarlar. Guralýan amaly sapaklarda bolsa, geljekde hakyky serkerdeler bolup ýetişmek üçin öz ukyp-başarnyklaryny yzygiderli kämilleşdirýärler.

2016-2017-nji okuw ýylynda Ýöriteleşdirilen harby mekdepleriniň ýene-de biri – Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby deňiz mekdebi açyldy. Bu ýaş harby okuwçylar täze harby deňiz mekdebinde bilim alyp, deňizçiligiň inçe tilsimlerini, başlangyç harby taýýarlygy sapaklaryny öwrenýärler. Olar geljekde ýokary ukyp-başarnykly deňizçi serkerdeler bolup ýetişerler.

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Ýöriteleşdirilen harby mekdepleriň ählisinde bilim alýan ýaş watançylaryň sport bilen meşgullanmaga mümkinçilik berýän türgenleşik-sport zallary bar. Harby okuwçylaryň naharhanasy, egin-eşiklere serenjam bermäge niýetlenen hyzmat ediş otaglary, kitaphana hem-de okalga zallary we beýleki döwrebap şertleriň hemmesi bilen doly üpjün edilendir.

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň harby okuwçylary hem beýleki harby mekdepleriň harby okuwçylary bilen bir hatarda özleri üçin edilýän atalyk aladalaryna ylymda, bilimde, medeni-köpçülikleýin çärelerde, dürli sport ýaryşlarynda gazanýan ýokary üstünlikleri bilen mynasyp jogap berýärler.  Ýagny, harby mekdebiň harby okuwçylary her ýyl Garaşsyzlyk baýramçylygy mynasybetli geçirilýän dabaraly harby ýörişiň bezegi bolup, batly gadamlar bilen geçýändiklerini bellemek has-da buýsançlydyr. Mundan başga-da harby okuwçylarymyz paýtagtymyzyň orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda woleýbol, futbol, basketbol, adaty karate ýaly sport görnüşleri boýunça geçirilýän dürli ýaryşlara hem gatnaşyp, öňdäki baýrakly orunlary eýeläp gelýärler. Her ýyl mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilýän «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşiklerine ýaş watançylarymyz höwes bilen gatnaşyp, ýokary netijeleri gazanýarlar. Ýaş watançylarymyzyň şeýle ajaýyp üstünliklere ýetmeginde Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň ýiti zehininden döräp,  Watan goragçylaryna peşgeş beren «Watan goragy mukaddesdir», «Mertler Watany beýgeldýär», «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar», atly mekdeplik kitaplarynyň ähmiýeti uludyr. Durşy bilen watançylyga, gahrymançylyga, millilige ýugrulan bu kitaplar ýaş watançylarymyza hem ruhy goldaw, synmaz güýç berýär.

Şu ýyl, ýagny, hormatly Prezidentimiziň yglan eden «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ýylynda hem harby mekdebimiz nobatdaky uçurymlaryny özbaşdak durmuşa dabaraly ýagdaýda ugratdy. Ak lybasda, ak arzuw-maksatlaryny köňüllerinde besläp, mukaddes Watan gullugyndaky ýollaryň täze tapgyryna gadam basýan harby mekdebiň uçurymlaryny göreniňde, guwanýarsyň, geljekde ata Watanymyzyň, asuda we abadan durmuşymyzyň ygtybarly goragy boljak ogullaryň ýene bir nesliniň kemala gelýändigine şaýat bolýarsyň. Bu gün ýaş watançylaryň harby mekdeplerde alan bilimlerini geljekde ýokary harby okuw mekdeplerinde hem dowam etdirip, Watanymyzyň ygtybarly goragyny üpjün etjek, il-halkymyza, Hormatly Belent Serkerdebaşymyza wepaly gulluk etjek serkerdeler bolup ýetişjekdigine, şeýle-de ýurdumyzyň bedew batly ösüşlerine öz mynasyp goşantlaryny goşjakdygyna berk ynanýarys!

Milli goşun
Habarlaşmak üçin telefon belgiler
+993 12 405967 +993 12 405968 +993 12 402741
© 2018 Milli goşun. Ähli hukuklar goragly.
Milli goşun
Redaksiýanyň salygysy: Aşgabat şäheriniň Köpetdag etraby, Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýolunyň 135-nji jaýy, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýi.