19.04.2019 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary Bahreýniň paýtagtynda üstünlikli çykyş etdi
«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary Bahreýniň paýtagtynda üstünlikli çykyş etdi
3 gün öň 19 Habarlar

Behişdi bedewlerimize dünýä ýüzünde gyzyklanma barha ýokarlanýar. Ýakynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary Bahreýniň Patyşasynyň çakylygy bilen bu ýurduň paýtagty — Manama şäherinde her ýyl geçirilmegi däbe öwrülen «MARA'EE — 2019» halkara oba hojalyk sergisiniň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça, ýörite uçar çapyksuwarlary hem-de ahalteke bedewleriniň 10-syny Manama şäherine getirdi. Bu ýerde Türkmenistanyň wekiliýetini mähirli we myhmansöýerlik bilen garşyladylar, atlary we çapyksuwarlary çykyşlara taýýarlamak üçin ähli şertler döredildi. Munuň üçin halkara serginiň açylyş dabarasynyň geçirilen ýerinde ýörite manež guruldy.

Manežde halkara we bütindünýä festiwallarynyň ençeme gezek ýeňijisi, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen döredilen «Galkynyş» toparynyň dürli öwüşginli çykyşlary ýaýbaňlandy.

Dabara tamamlanandan soň, Bahreýniň Patyşasy «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary bilen duşuşyp, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa doganlyk salamyny ýollady hem-de Türkmen bedewiniň milli baýramynyň öň ýanynda ussat türkmen toparlaryny Manama iberendigi üçin hoşallyk sözlerini beýan etdi.

Milli goşun
Habarlaşmak üçin telefon belgiler
+993 12 405967 +993 12 405968 +993 12 402741
© 2019 Milli goşun. Ähli hukuklar goragly.
Milli goşun
Redaksiýanyň salygysy: Aşgabat şäheriniň Köpetdag etraby, Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýolunyň 135-nji jaýy, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýi.