14.12.2018 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
TÜRKMENISTAN - BEÝIK ÝÜPEK ÝOLUNYŇ ÝÜREGI
Gadymy Merwdäki çäreler mukaddeslige gönükdirildi
Gadymy Merwdäki çäreler mukaddeslige gönükdirildi
27.11.2018 46 Habarlar | Harby Durmuş

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň «Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakyndaky» Permanyna laýyklykda, Watan  öňündäki gulluk borçlaryny bir kemsiz ýerine ýetiren çagyryş boýunça harby gullukçylary ätiýaçlyga boşatmak dabaralary Mary welaýatynda hem gyzgalaňly alnyp barylýar. Olaryň Watan öňündäki bitiren hyzmatlary göz öňüne tutulyp, abraý bilen öz maşgalasyna gowuşmaklary  dogrusynda döwlet derejesinde alada edilip, dabaraly ýagdaýda ugradylýar. Çagyryş boýunça harby gullugyny tamamlan harby gullukçylaryň ätiýaçlyga goýberiş dabaralary hem ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň her bir harby bölümlerinde, serhet birikmelerinde we beýleki goşunlarynda şatlyk-şowhunly çäreler bilen geçirilýär. Eziz Watanymyza ak ýürekden göreldeli gulluk eden, söweşjeň we jemgyýetçilik-ynsanperwerlik taýýarlygynda tapawutlanan esgerler höweslendirilip, olara nobatdaky harby atlar dakyldy. Hormat hatlarydyr ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglanyldy. Harby gullugyny tamamlan we ýaşaýan ýerlerine gelen raýatlar demir ýol menzillerinde dabaraly ýagdaýda garşy almak çäreleri hem ýokary ruhubelentlige beslenýär.

Şeýle hem Mary welaýatynda harby gulluga çagyrylyşyň güýz möwsümini üstünlikli amala aşyrmak üçin zerur çäreler alnyp baryldy. Welaýatyň etrap, şäher we welaýat harby wekilliklerinde harby gulluga çagyrylyşa degişli edilen raýatlara wagyz-nesihat işleri geçirilip, olara Watan goragynyň mukaddesligi babatda giňişleýin düşünjeler berilýär. Olar bilen welaýat kitaphanasyna, taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine, welaýatyň taryhy we medeni ýerlerine gezelençler guralýar. Olaryň saglyk ýagdaýy iň kämil lukmançylyk enjamlarynyň kömegi bilen gözden geçirilip, harby gulluga ýaramlylygy doly kepillendirilýär. Harby wekilliklere berkidilen iň esasy wezipe bolsa, her bir raýaty hünär derejesine laýyklykda harby bölümlere ugratmak bolup durýar.

Geljekgi Watan goragçylarynyň pederleriň yhlasy siňen ýurdymyzy, mähriban halkymyzy goramak üçin, gerek bolsa, şirin janlaryny hem gaýgyrmajakdyklaryna ynanýarys!

 «Milli goşun»

Milli goşun
Habarlaşmak üçin telefon belgiler
+993 12 405967 +993 12 405968 +993 12 402741
© 2018 Milli goşun. Ähli hukuklar goragly.
Milli goşun
Redaksiýanyň salygysy: Aşgabat şäheriniň Köpetdag etraby, Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýolunyň 135-nji jaýy, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýi.