25.03.2019 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Futzal boýunça Aziýa çempionaty Türkmenistanda geçiriler
Futzal boýunça Aziýa çempionaty Türkmenistanda geçiriler
20.02.2019 135 Sport

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň ýakynda Aşgabatda geçirilen konferensiýasynda hoş habar buşlanyldy. Federasiýanyň baş sekretaryň  bellemegine görä, 2020-nji ýyldaky Aziýanyň futzal boýunça çempionaty ýurdumyzda geçiriler. Bu bolsa ýurdumyzda sportuň futzal görnüşini ösdürmäge öz oňyn netijesini berer. Munuň özi Türkmenistanyň halkara derejesindäki ýeňişli ädimleriniň ýene-de biridir.

Bu çempionata Kuweýt, Iordaniýa, Ýaponiýa we Indoneziýa dalaşgär görkezildi. Türkmenistanyň şu döwletleriň arasyndan saýlanyp, Aziýanyň futbol konfederasiýasynyň belent ynamyna eýe bolmagynyň aňrysynda ýurdumyzyň halkara ýaryşlaryny ýokary derejede geçirmek tejribesi ýatandyr. 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň çäginde Türkmenistanda ilkinji halkara futzal ýaryşy geçirildi. Ýaryşyň ýokary guramaçylyk derejesine beslenendigini şol günlerde dünýä metbugaty giňden ýazdy.

Her iki ýyldan bir gezek geçirilýän futzal boýunça Aziýa çempionaty 2018-nji ýylda Hytaý Taýpeýinde geçirildi. Milli ýygyndymyz bu ýaryşyň saýlama tapgyrynda Özbegistanyň, Gyrgyz Respublikasynyň we Nepalyň ýygyndylary bilen ýaryşyp, toparçada üçünji orny eýelediler.

Futzal boýunça Aziýanyň çempionaty 2020-nji ýylyň 27-nji fewraly – 8-nji marty aralygynda geçiriler.

«Milli goşun».

Milli goşun
Habarlaşmak üçin telefon belgiler
+993 12 405967 +993 12 405968 +993 12 402741
© 2019 Milli goşun. Ähli hukuklar goragly.
Milli goşun
Redaksiýanyň salygysy: Aşgabat şäheriniň Köpetdag etraby, Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýolunyň 135-nji jaýy, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýi.