19.04.2019 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Esenguly etraby ABŞ-nyň 1 million dollary möçberinde pul baýragy bilen sylaglandy
Esenguly etraby ABŞ-nyň 1 million dollary möçberinde pul baýragy bilen sylaglandy
02.02.2019 308 Habarlar

1-nji fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2018-nji ýylyň başynda durmuş-ykdysady we medeni görkezijiler babatynda ýylyň jemleri boýunça iň gowy etraby ýa-da welaýatdaky etrap hukukly şäheri kesgitlemek üçin däp bolan bäsleşigiň yglan edilendigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz Kärdeşler arkalaşyklarynyň ýolbaşçylygynda wekilçilikli toparyň bu bäsleşigiň jemlerini jemländigini belläp, degişli hasabaty bermek üçin Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy G.Ataýewa söz berdi.

Hasabatyň dowamynda milli Liderimiziň tabşyrygyna laýyklykda, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça degişli düzümler bilen sazlaşykly işleriň amala aşyrylýandygy barada aýdyldy. Ýurdumyzyň etraplarynyň arasynda bäsleşigi geçirmekde durnukly ösüşiň ähli görkezijileri esasy ugur bolup durýar.

Ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan berlen maglumatlary seljermek esasynda, şeýle hem bilermenleriň beren bahalary nazara alnyp, Balkan welaýatynyň Esenguly etraby 2018-nji ýylda ýurdumyzyň iň gowy etraby saýlanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow habary diňläp hem-de bäsleşigiň ýeňijilerini gutlamak bilen, Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynyň häkimligini ABŞ-nyň 1 million dollary möçberinde pul baýragy bilen sylaglamak hakynda Buýruga gol çekip, G.Ataýewa etraba baryp, ýeňijileri bu üstünligi bilen dabaraly ýagdaýda gutlamagy tabşyrdy .

Döwlet Baştutanymyz şeýle hem 2019-njy ýylda şeýle bäsleşigi yglan etmek hakynda resminama gol çekdi.

Milli goşun
Habarlaşmak üçin telefon belgiler
+993 12 405967 +993 12 405968 +993 12 402741
© 2019 Milli goşun. Ähli hukuklar goragly.
Milli goşun
Redaksiýanyň salygysy: Aşgabat şäheriniň Köpetdag etraby, Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýolunyň 135-nji jaýy, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýi.