21.05.2019 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
«EKSPO — 2020» Bütindünýä sergisine taýýarlyk işleri alnyp barylýar
«EKSPO — 2020» Bütindünýä sergisine taýýarlyk işleri alnyp barylýar
16.03.2019 117 Habarlar

15-nji martda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer Ç.Gylyjow Dubaý şäherinde geçiriljek «EKSPO — 2020» Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň bölümini döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi tarapyndan yglan edilen halkara bäsleşigiň netijeleri boýunça Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Tekmil» hususy kärhanasynyň taslama teklibi seçilip alyndy.

«Akyl-paýhasymyzy birleşdirip, geljegi döredýäris» şygary astynda geçjek «EKSPO — 2020» sergisinde Türkmenistanyň bölüminiň eýeleýän meýdany 1581 inedördül metre barabar bolar. Şonuň 976 inedördül metrinde iki gatly desga gurlar.

Desganyň birinji gatynyň zalynda sanly dolandyryş ulgamy arkaly 3D şekilleriniň üsti bilen ýurdumyzyň taryhy-medeni we tebigy aýratynlyklary, Türkmenistanyň ähli ugurlardaky ykdysady görkezijileri beýan ediler. Ol türkmen, iňlis, fransuz, nemes, rus we arap dillerinde beýan edilýän maglumatlar bilen utgaşdyrylar.

Ikinji gatda Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisi guralar. Işewürlik maslahatlaryny, duşuşyklary geçirmek, medeni çäreler üçin zerur şertler üpjün ediler.

Sergi 2020-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda açylar.