19.02.2019 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Edermenligiň nusgalyk ýoly
Edermenligiň nusgalyk ýoly
27.01.2019 123 Harby Durmuş

Belent Serkerdebaşymyzyň parasatly ýörelgesi bilen yglan edilen «Türkmenistan – rowaçlygyň Watany» ýylynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň döredilmeginiň 27 ýyllygy hem-de Watan goragçylarynyň güni mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeginde dabaraly çäreler geçirilýär. Şeýle çäreleriň özenini «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyndaky ýadygärliklere, şeýle-de Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebinde ýerleşen hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň atasy Berdimuhamet Annaýewiň heýkeline gül desselerini goýmak ýaly çäreler düzýär. Dabara gatnaşyjylar bu ýerde edermen esger, mugallym, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň gahrymançylykly ömür ýoly barada gürrüň berýän baý taryhy maglumatlar bilen tanyşdylar.

Geçirilen bu çäreler Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň parahatçylygynyň, mähriban halkymyzyň asuda, abadan we bagtyýar durmuşynyň goragynda berk durýan Ýaragly Güýçlerimiziň merdana harby gullukçylarynyň şan-şöhratyny has-da dabaralandyrdy. Bu buýsançly baýram hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň Ýaragly Güýçlerimiziň harby gullukçylaryna örän jogapkärli wezipäni ýerine ýetirmekde bildirýän uly ynamynyň we olar hakda edýän aladasynyň aýdyň nyşanydyr.

Bu ynam hormatly Prezidentimiziň eziz Watanymyzyň we mähriban halkymyzyň ynamydyr. Goý, bu ynam biziň her birimiziň kalbymyza «Watan goragçysy» diýen belent adymyza, mukaddes harby borjumyza buýsanç döretsin, üstünlikden-üstünlige ruhlandyrsyn!

«Milli goşun».

Milli goşun
Habarlaşmak üçin telefon belgiler
+993 12 405967 +993 12 405968 +993 12 402741
© 2019 Milli goşun. Ähli hukuklar goragly.
Milli goşun
Redaksiýanyň salygysy: Aşgabat şäheriniň Köpetdag etraby, Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýolunyň 135-nji jaýy, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýi.