25.03.2019 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Dünýäniň iň gowy 10 kitaphanasy kesgitlenildi
Dünýäniň iň gowy 10 kitaphanasy kesgitlenildi
14.03.2019 66 Habarlar

Ýakyn günlerde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň dünýä belli medeniýet we tehnologiýa žurnaly bolan «Wired»-de dünýäniň iň gowy 10 kitaphanasynyň sanawy çap edildi. Bu sanaw kitaphon okyjylarymyz üçin hem gyzykly bolar diýip umyt edýäris.

1. Daniýa, Dokkl kitaphanasy. 2016-njy ýylda dünýäniň iň gowy kitaphanasy üçin niýetlenen baýraga mynasyp bolan Dokkl kitaphanasy 30 müň inedördül metre ýetýän meýdany bilen tutuş Skandinaw ülkelerindäki iň uly kitaphanadyr. Kitaphananyň esasy aýratynlyklarynyň biri onuň merkezindäki jaňdyr. Şäher hassahanasy bilen baglanyşdyrylan jaň her bir täze bäbejik dünýä inende bir gezek kakylýar. Aarhus derýasynyň kenarynda ýerleşýän kitaphana täsin binagärlik görnüşine hem eýedir. Içi örän ýagty we rahat bolan kitaphananyň penjireleri deňiz portuna seredip dur.

2. ABŞ, Lawrense halk kitaphanasy. Wermont ştatynda ýerleşýän kitaphana täsin dizaýny bilen özüne çekýär. Ol 1972-nji ýylda açylan hem bolsa, binagärlik babatynda ýygy-ýygydan täzelenip durulýar. Onuň iň döwrebap bölekleri dünýä belli dizaýner Gould Ewansa degişlidir. Penjilerinden tebigatyň ajaýyplygy görünýän kitaphananyň aglaba böleginde üçekden jaňlar sallanyp dur.

3. Hytaý, Ýangžou Žongşug kitaphanasy. Žen Ýuan şäherinde ýerleşýän kitaphanada ýöremek kitapdan ybarat derýada ýüzmek ýaly duýgyny bagyşlaýar. Täsin görnüşde örülen, boýy üçege çenli ýetýän tekjeler bolsa aklyňy haýran edýär.

4. Türkiýe, Beýazit kitaphanasy. 1506-njy ýylda gurlan desga XIX asyryň ahyrynda döwlet kitaphanasyna öwrüldi. Bu ýerde 2015-nji ýylda başlanan dikeldiş we täzeleniş işleri 2017-nji ýylda tamamlandy. Ol 2018-nji ýylda dünýäniň iň täsin binalarynyň sanawyna goşuldy.

5. Norwegiýa, Wennesla kitaphanasy. Adybir şäherde ýerleşýän kitaphana daşky görnüşi boýunça älem gämisine meňzeýär. Onuň 27 sany esasy sütüne daýanýan dizaýny görenleri haýran edýär.

6. Norwegiýa, Bodo kitaphanasy. Dünýäniň iň täsin kitaphanalarynyň ýene-de birine goýnundan ýer beren Norwegiýanyň indiki täsinlikleriniň biri bolan bu kitaphanada 3 sany uly bölüm we bir sany konsert zaly bar. Onuň binalar toplumy 6 müň 317 inedördül metr meýdany eýeleýär.

7. ABŞ, Çikago halk kitaphanasy. Şäherde täze bina edilen kitaphananyň esasy aýratynlygy onda künjekleriň ýokdugydyr. Onuň ähli zallarynyň dizaýny aýlawly görnüşde işlenipdir. Daşynyň aýna bilen örtülendigine garamazdan, olaryň her birine berkidilen Günden goraýjylar kitap söýüjiler üçin salkyn howany üpjün edýär.

8. Angliýa, Birmingem kitaphanasy. Daşyndan seredeniňde, binagärlik görnüşi boýunça söwda merkezini ýatladýan hem bolsa, bu bina, aslynda, kitap merkezi. Onda dünýä gymmatlyklarynyň 400 müňüsi bar. Kitaphana 30 müň inedördül metr meýdany eýeleýär.

9. Kanada, Halifaks merkezi kitaphanasy. Aslynda, Kanadada kitaphanalar zynjyry işleýär. Halifaks 13 kitaphanadan ybarat bolan şol zynjyryň ilkinji halkasydyr. Ol 14 müň 500 inedördül metr meýdany eýeleýär. Tas tutuşlygyna diýen ýaly aýna bilen örtülen kitaphananyň üçeginde açyk howada kitap okamagy söýýänler üçin hem mümkinçilik döredilipdir.

10. Meksika, Konarte kitaphanasy. Dizaýny ýurduň Anagrama binagärlik kompaniýasy tarapyndan taýýarlanan kitaphana täsin binalaryň hatarynda. Başaşak durlan ýaly duýgyny berýän kitap tekjeleri bu ýere gelýänleriň başyny aýlap biler. Ýöne onuň rahatlygyny söz bilen düşündirmek mümkin däl.

Milli goşun
Habarlaşmak üçin telefon belgiler
+993 12 405967 +993 12 405968 +993 12 402741
© 2019 Milli goşun. Ähli hukuklar goragly.
Milli goşun
Redaksiýanyň salygysy: Aşgabat şäheriniň Köpetdag etraby, Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýolunyň 135-nji jaýy, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýi.