21.05.2019 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Daşoguz şäherinde gurulmagy meýilleşdirilýän ýaşaýyş toplumynyň taslamasy
Daşoguz şäherinde gurulmagy meýilleşdirilýän ýaşaýyş toplumynyň taslamasy
12.03.2019 160 Habarlar

11-nji martda geçirilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatynda milli Liderimiz şol birwagtda Daşoguz welaýatynyň häkimi M.Baýramgulyýewi hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Daşoguz welaýatyna gözegçilik edýän orunbasary G.Myradowy çagyrdy.

Wise-premýer häzirki döwürde ýurdumyzyň ykdysadyýet toplumynda bolşy ýaly, Daşoguz welaýatynyň çäklerinde ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Soňra Daşoguz welaýatynyň häkimi bilen bir wagtda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Daşoguz şäherinde gurulmagy meýilleşdirilýän ýaşaýyş toplumynyň taslamalaryny hödürledi we onuň ýerleşjek ýerleri barada habar berdi.

Bellenilişi ýaly, toplumyň umumy eýeleýän meýdany 71 gektara barabar bolup, onda 1496 maşgala niýetlenen ýokary amatlykly ýaşaýyş jaýlary, şol sanda dört gatly ýaşaýyş jaýlary, häzirki zaman ýokary tehnologiýaly enjamlar bilen üpjün edilen orta mekdep, çagalar bagy, Saglyk merkezi, söwda dükanlary, hyzmatlar öýi ýerleşdiriler.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow görkezilen taslamalar bilen tanşyp, gurluşygyň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi, onda ilatyň ýokary derejeli ýaşaýşy we dynç alşy üçin zerur şertleriň döredilmegi, şeýle hem milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zaman tejribeleriniň utgaşdyrylmagy babatda tabşyryklary berdi.