10.12.2019 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Çagyryş boýunça harby gulluk barada 5 gyzykly hakykat
Çagyryş boýunça harby gulluk barada 5 gyzykly hakykat
19.11.2019 353 Harby Durmuş

Harby gulluga çagyrylýan raýatlar özlerine harby gullukda nämeleriň garaşýandygyny takyk bilmeýärler. Biz öz nobatymyzda olaryň düşünjelerini giňeltmek üçin çagyryş boýunça harby gullugyň 5 sany gyzykly hakykaty barada bellemegi makul bildik.

1. Harby bölümlerde hepdede iki gezek dürli sport ýaryşlary geçirilýär. Hepdäniň her sişenbe we anna güni esgerler futbol, basketbol, tanap çekişme ýaly birnäçe sport görnüşleri boýunça ýaryşýarlar. Sport çäreleri saglygy berkitmäge, harby gullukçylary jebisleşdirmäge, oýundan lezzet alyp dynç almaga mümkinçilik berýär. Iň gowy görkezijiler bilen tapawutlanan harby gullukçylar ilki garnizon derejesinde, soňra bolsa garnizonlaryň ýeňijileriniň arasynda sport ýaryşlaryna gatnaşmaga mümkinçilik gazanýarlar.

2. Harby gullukçylar öz şahsy wagtlaryny «Galkynyş» otaglarynda hem-de harby bölümleriň kitaphanalarynda geçirip bilýärler. Ýörite «Galkynyş» otaglary esgerleriň dynç almagy, boş wagtlaryny peýdaly geçirmekleri üçin niýetlenen. Olarda hökmany suratda telegepleşikleri we wideorolikleri görmek üçin telewizorlar oturdylýar. Ondan başga-da olar dürli kitaplardyr döwürleýin neşirler bilen üpjün edilýär. Häzirki döwrüň harby bölümleriniň kitaphanalary Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň sanly kitaphana ulgamlaryna birikdirilen kompýuter enjamlary bilen enjamlaşdyrylandyr.

3. Hepdede bir gezek harby gullukçylar wagtlaýyn rugsat alyp, harby bölümiň ýerleşýän ýerinden çykyp bilýärler. Muny şenbe, ýekşenbe we baýramçylyk günleri amala aşyryp bolýar.

4. Çagyryş boýunça harby gullukçylar garnizonyň çäginden çykmak mümkinçiligi bilen gysga möhletleýin rugsat alyp bilýärler. Ol harby gullugyň dowamynda tapawutlanan esgerlere höweslendirme hökmünde we maşgala ýagdaýy sebäpli berlip bilner. Höweslendirme görnüşindäki rugsat çagyryş boýunça harby gullugyň bellenilen möhletiniň deň ýarysyny gulluk edenden soň berlip bilner. Aýratyn ýagdaýlarda höweslendirme görnüşindäki rugsat bellenilen tertipden öň hem berlip bilner.

5. Harby bölümleriniň köpüsiniň çäginde dükanlar işleýär. Olarda şahsy gigiýena üçin zerur bolan serişdeleri, okuw sapaklary üçin esbaplary we başga azyk we azyk däl harytlary satyn alyp bolýar. Dükanlarda dürli tagamlara baý bolan naharsanawly kiçiräk çaýhanalar hem göz öňüne tutulandyr.

«Milli goşun».