10.12.2019 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Bütindünýä harby oýunlary – iň güýçli türgenleriň jemlenen ýeri
Bütindünýä harby oýunlary – iň güýçli türgenleriň jemlenen ýeri
20.10.2019 167 Sport

Häzirki wagtda Hytaý Halk Respublikasynyň Wuhan şäherinde geçirilýän VII Bütindünýä harby oýunlary öz geçiriliş taryhynda iň ulusy boldy. Şu ýyl olara 100-den gowrak ýurtdan 10 müňe golaý harby türgenler gatnaşýarlar. Olaryň arasynda ozal dünýäň we Olimpiýa oýunlarynyň çempionlary bolan harby türgenler hem bar.

Mälim bolşy ýaly, 21 – 22-nji oktýabrda biziň harby türgenlerimiz G.Hemraýew (65 kg) we S.Belliýew (125 kg) oýunlarda erkin göreş boýunça başarnygyny görkezerler. Harby türgenimiziň garşydaşy hökmünde dünýäniň iň güýçli türgenleri, şol sanda erkin göreş boýunça 2019-njy ýylyň dünýä çempiony, Russiýa Federasiýasynyň harby türgeni G.Raşidow (65 kg) hem çykyş eder.

Şeýlelik bilen VII Bütindünýä harby oýunlarynda, dünýäniň iň güýçli türgenleriniň jemlenen ýerinde biziň harby türgenlerimiziň bolmagy Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby gullukçylarynyň arasynda ýokary derejeli sportuň ösendigini we ýurdumyzyň daşary ýurtlar bilen sport ulgamyndaky gatnaşyklarynyň berkeýändigini aýdyň görkezýär.

«Milli goşun».