10.12.2019 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Bir türgenden iki altyn
Bir türgenden iki altyn
03.01.2019 414 Sport

Ýaňy-ýakynda Hindistanyň Nýu-Deli şäherinde geçirilen taekwondo boýunça 4-nji Halkara ýaryşyna türkmen türgenleri hem gatnaşyp, üstünlikli çykyş etdiler. Olaryň arasynda harby türgen, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň çagyryş boýunça harby gullukçysy Gaýgysyz Atabaýew hem bar. 800-den gowrak türgeniň gatnaşan ýaryşynda 64 kg agram derejesinde çykyş eden G.Atabaýew  «şahsy tul» görnüşinde hem-de toparlaýyn görnüşde altyn medaly gazanmagy başardy. Şunlukda, harby türgenimiz Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň umumylykda gazanan 12 medalynyň 2-sini öz adyna ýazdyrmagy başardy.

Şu güne çenli halkara ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edip gelýän harby türgenimize mundan beýläk hem üstünlikleriň ýar bolmagyny arzuw edýäris!

«Milli goşun».