25.03.2019 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Başy jygaly — atabeg seýis
Başy jygaly — atabeg seýis
30.12.2018 300 Harby Taryh

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW:

— Adybeg soltanyň, Jygalybegiň, Göroglynyň we beýleki gahrymanlaryň watanperwerlik, ynsanperwerlik, danalyk, wepadarlyk, adalatlylyk, halallyk, rehimdarlyk, il-güne sylag-hormat goýmak, edermenlik, mertlik, ruhubelentlik ýaly kämil ahlak sypatlary, Göroglyny daglardan hem-de derýalardan aşyrýan, seýkin ýörişli, duýgur hem wepadar Gyratyň kalbyňy heýjana salýan çeper keşbi ýaş nesilleri terbiýelemekde nusgalyk mekdepdir, geçmişe, şu güne hem-de geljege çäksiz buýsanç we guwanç duýgularyny döredýän ruhy güýçdür.

    Gahryman Arkadagymyzyň kämil paýhasyndan kemala gelen eserlerinde-de, durmuşyň üstünliklerden üstünliklere gol berýän ösüşleriniň özeninde-de ata-babalarymyzyň adalaty şamçyrag hökmünde ulanylýar. Olaryň ganymyza ornaşdyran adalaty bagtyýarlyk döwrüniň talaplaryna laýyklandyrylyp, dünýä derejesinde dabaralandyrylýar.

    Eposlar we gahrymançylykly dessanlar milletleriň halka öwrülmek tejribesini kepillendirýän gymmatlyklardyr. Sebäbi olarda kowum-nebere däl-de, ýurduň goragy hakyndaky düýpli tema ýüzlenilýär. Bu babatda türkmen halkynyň baý tejribesiniň bardygyny onuň «Oguznama», «Kitaby Dädem Gorkut», «Görogly» ýaly tutuş süňňi gahrymançylyga ýugrulan eposlary hem subut edýär. Eposlaryň adaty çeper eserlerden — romanlardyr powestlerden düýpli tapawutlanýan tarapy — olar haýsydyr bir gahrymanyň töwereginde ýaýbaňlanýan wakalaryň çeper beýany bolmak bilen çäklenmeýär. Olar şol bir wagtyň özünde halk üçin taryhy ýokundyly görelde mekdebine öwrülýärler. Şu nukdaýnazar bilen çemeleşileninde «Görogly» eposynyň ähmiýetini doly açyp görkezmek üçin heniz edilmeli işler öňki edilen işlerden has köpdür. «Görogly» durşy bilen görelde mekdebidir. Göreldeler bolsa gürrüňsiz adalatlylykdandyr. Bu babatda «Göroglynyň» mantyk ýordumynyň başy soltan ýetişdirmek adalatyndan başlanýar.

    Soltan ýetişdirmek adalaty. «Göroglynyň» dürli neşirleriniň çeperleşdirilen sözme-söz beýanatyna däl-de, mantygyna, ýagny logikasyna seretmek gerek. Taryhda türkmen halkynyň hökümdarlaryň çagalaryndan hökümdar taýýarlamak bilen meşgullanýan atabeglik mekdebi dogrusyndaky maglumatlar bilen okyjylar tanyşdyr. Seýisçilik sungaty şol mekdebiň ilkinji milli nusgasydyr. Eposda Çardagly Çandybil ýurdunyň bir soltanynyň hem-de onuň ussat seýsiniň bardygy dogrusynda gürrüň edilýär. Soň soltanyň kazasynyň dolandygy aýdylýar. Onsoň halkyň şol soltanyň tagtyna mündürmek üçin mynasyp adamy gözleýändigi, öz aralarynda seçip-saýlaýandygy dogrusynda gürrüň edilýär. Birdenem, halkyň ýadyna soltanyň seýsi düşýär-de, şony tagta rowa görýärler. Indi wakalaryň mazmun yzygiderliliginiň mantygyna seredeliň. Eýsem, Jygalybeg atly seýis ynsan we bedew ýetişdirýän ussat terbiýeçi atabegmikä ýa-da ýönekeý bir atbakar? Taryhda bolmadyk ýa durmuşda bolmajak zad-a ýokdur welin, halkyň öz dowamatyna miras geçirýän gymmatly ýörelgelik häsiýetli eserlerinde howaýylyga orun berlip bilinmez. Näme üçin adam bilen bedew at? At türkmen halkynyň ykbalynda adam derejesine göterilmegi başaran ýeke-täk jandardyr. Gurbannazar Ezizow hem:

    Gamly güni kişňände,

    Eşidende ah sesin,

    Gözün süpür, eý adam,

    Olam adam ahbetin —

diýip, türkmençeläp goýbermeýärmi näme?!

    Bu gürrüňi bu ýerde goýaly-da, seýisçiligiň soltan ýetişdirmek mekdebi dogrusyndaky ýordumyny aýdyňlaşdyralyň. Birinjiden, Çardagly Çandybiliň Jygalybegden öňki soltanynyň kazasy dolan wagtynda yzynda tagta eýeçilik eder ýaly mirasdüşer perzendi galmadyk bolmagy mümkin (sebäbi eseriň hiç bir nusgasynda ol hakynda gürrüň edilmeýär). Şeýle ýagdaýda soltanyň tagty şol soltany ýetişdiren seýis — terbiýeçiden başga kime rowa görlüp bilner? Megerem, hiç kime. Ikinjiden, «Görogluda» Jygalybegiň soltanlygynyň üstünde durulmaýar. Oňa aýratyn ähmiýet gönükdirilmeýär. Üçünjiden, Jygalybeg tagta çykanyndan kimi mirasdüşer saýlamalydygy dogrusyndaky pikirlere berilýär. Diýmek, onuň kemsiz garran bolmagy mümkin. Eserde han götermek, soltan saýlamagyň adalatly täri ulanylýar. Sebäbi eser bilen tanyşýan okyjy ýa dessany diňleýän diňleýjiniň her biri bilniksizlikden bu han göterme dessuryna işjeň gatnaşýar. Jygalybegiň üç ogly bar. Bir ogly Genjim — genç eýesi, häzirki zaman adalgasy bilen beýan etsek — ykdysatçy. Ýene-de bir ogly Mömin, başgaça aýtsaň, ähli takdyry Allanyň boýnuna goýup, şerigatyň kada-kanunlaryny berjaý edip, ýaşap ýören pukara dindar. Jygalybegiň ýene bir ogly Adybeg, Çandybil ýurdunyň açlykdan horlananlaryna, kişi zulumyna, keseki han-begleriň sütemine çydap bilmedik ýigitlerine: «Adybeg, sen bir gerçek, goç ýigit, sen bize rehimdarlyk edýärsiň, bizem saňa nöker bolup hyzmat etjek, ömrümizi seniň hyzmatyňda geçirjek» diýdirip bilýän ýigit. Diýmek, Adybeg eserde Jygalybegiň özüni hasaba almanymyzdaky ýetişdiren ikinji soltany.

    Durmuşyň synaglary käwagt juda ýowuz ýaly görünse-de, ol kämilligi we kämilleri ýüze çykarmagyň esasy serişdesidir. «Işiň gaýtjak bolsa, burnuň suwy gözüňe damar» diýleni bolýar-da, Jygalybegiň uly yhlas bilen ýetişdiren soltan ogly Adybegiň hamyladar aýaly-da, özi-de nowjuwan ýaşlarynda panydan bakyýa göç edýärler. Eseriň adybir gahrymany Görogly hem Adybegiň syrly ahwallarda dünýä inen perzendi. Üns bermeli zatlar: Görogly dogulmaýar, döreýär. Eseriň «Göroglynyň döreýşi» şahasy hem Adybegiň neberesiniň görden çykarylyp alnyp, adaty adam durmuşyna goşulmagy bilen däl-de, Röwşeniň wepadar kyrk ýigidini toplap, Görogly soltana öwrülişi bilen tamamlanýar. Onuň şeýle bolmagyndaky esasy tagallalar bolsa, gürrüňsiz, Jygalybege degişlidir. Görogly — tagty öz ogly Adybege geçirdim diýip, rahatlyk tapyp, arkaýyn ölmäge mümkinçilik gazanan Jygalybegiň ýurdy soltanly etmek arzuwynyň miwesi. Jygalybegde ýene bir arzuw peýda bolýar. Şol arzuwam onuň ömrüni ýene bir arka (Türkmençilikde 25 ýyl bir arka hasaplanýar) uzaltmaga badalga berýär. Jygalybeg şol arzuwy üçin ajaly yza serpikdirmäge-de gaýrat tapýar. Ol arzuw — Çardagly Çandybile ýene-de bir soltan ýetişdirmek. Ol soltan, elbetde, ýaňyja garaňky görden ýagty dünýä çykan Röwşendir — Görogludyr. Şonuň üçin hem Jygalybeg ogly Adybeg wepat bolanyndan soň ýene-de özi soltan bolup, tagtda oturmak ýoluny saýlamaýar. Beýtse, onuň güýçli duşmanlarynyň ýalňyz umydy Röwşeni ýoklamaklary ahmal. Ine, indi özüňiz hem üns beräýiň, «Göroglynyň» başynda ýurduň şasy, soltany Jygalybeg öz agtygy Röwşeni alyp, başga bir ýurduň, onda-da, özlerine duşman bolan ýurduň topragyna boýunsunujylyk bilen barýar.

    Jygalybeg eseriň iň başynda gürrüňi edilýän Çandybil soltanynyň kakasynyň soltanlyk eden döwründäki, soltanyň ogluny soltanlyga ýetişdirýän başy jygaly atabegidir, seýsidir. Ol soltan wepat bolanyndan soň özi tagta münen hem bolsa, ýene-de bir soltany — Adybegi ýetişdiren seýis — atabegdir. Adybeg hem bu dünýäni terk edensoň, onuň perzendini görden çykan Röwşeni soltanlyga ýetişdirmegi maksat edinen terbiýeçi Jygalybegdir. Ol uzakmöhletleýin arzuwynyň hasyl bolmagy üçin gözleriniň oýulmagyna-da çydamagy başaran, emma welin ýurduň asudalygyny, parahat, bolelin durmuşyny kepillendirip biljek soltan ýetişdirmek ýaly adalatly ýoluň ussat terbiýeçi seýsi — başy jygaly atabegidir. JYGALYBEGDIR.

Aşyrmät GARLY,

«Milli goşun».

Meňzeş habarlar
Milli goşun
Habarlaşmak üçin telefon belgiler
+993 12 405967 +993 12 405968 +993 12 402741
© 2019 Milli goşun. Ähli hukuklar goragly.
Milli goşun
Redaksiýanyň salygysy: Aşgabat şäheriniň Köpetdag etraby, Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýolunyň 135-nji jaýy, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýi.